Täzelikler

Seýdiniň NGIZ-de nebit önümleriniň eksportundan alynýan girdeji artýar

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody Türkmenistanyň öňdebaryjy kärhanalarynyň arasynda mynasyp orny eýeleýär. 2019-njy ýylyň 7 aýynda 324,6 müň tonna çig mal gaýtadan işlenildi. Meýilnama 116 göterim. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 106 göterim. Şeýle hem kärhanada dizel ýangyjyny öndürmek boýunça meýilnama üstünlikli durmuşa geçirildi. Önümçilik 450 tonna barabar boldy. Zawodda degişli hil ülňülerine laýyk...

Türkmenistanda ýakynda döredilen Hazar deňzi institutynyň direktory bellenildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Myrat Atajanow Hazar deňzi institutynyň direktory wezipesine bellenildi. Degişli resminama Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda geçirilen hökümet mejlisinde gol çekdi. Hazar deňzi institutyny 2019-njy ýylyň 9-njy awgustynda döwlet Baştutanynyň Permany bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň binýadynda binýadynda döredildi. Hazar deňzi institutynyň işine gözegçilik etmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň,...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we uçar kerosinini, Türkiýäniň işewür toparynyň wekilleri bolsa ownuk däneli hlorly kaliýni (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna reňksiz list aýna, portlandsement, nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan...

Gaz torlarynyň güýz-gyş möwsümine taýýarlygy başlandy

«Marygazüpjünçilik» müdirliginiň «Serhetabatetrapgaz» düzüm bölüminiň işgärleri etrabyň çäklerinde gaz geçirijileri we gaz enjamlaryny güýz-gyş möwsümine taýýarlamak boýunça giň möçberli işleri alyp barýarlar. Ygtybarly gaz üpjünçiligini doly derejede ýola goýmak üçin desgalarda meýilnamalaýyn arassalaýyş we abatlaýyş işleri ýerine ýetirilýär. Şunda durmuş maksatly desgalaryň, hojalyk-ýaşaýyş jaý ulgamynyň we ilatyň sarp edijileriň gaz bilen üpjünçiligine aýratyn üns berilýär. Şu...

Türkmen nebitinden taýýarlanan iňňe görnüşli koks — geljegi uly önüm — WTL

TNGIZT-niň tehnologik mümkinçilikleri bu ýerde ýokary hilli iňňe görnüşli koksuň girdejili önümçiligini ýola goýmaga esas berýär. «Westport Trading Europe Limited» kompaniýasynyň hünärmenleri muňa berk ynam bildirýärler. Bu kompaniýa türkmen nebitinden iňňe görnüşli koksuň patentlenen önümçiliginiň innowasion tehnologik usulynyň eýesidir. Işlenip düzülen tehnologiýalar dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli iňňe görnüşli koks almaga mümkinçilik berýär. Katalitik tehnologiýalaryny...

Nebitçileriň «Arzuw» sagaldyş merkezi çagalara şatlyk paýlaýar

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy türkmenistanlylaryň iň söýgüli künjegine öwrüldi. Deňiz kenarýakasynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan köp sanly sagaldyş merkezleriniň gurulmagy netijesinde bu ýerde dynç almaga gelýän adamlaryň sany barha artýar. Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Arzuw» çagalar sagaldyş merkezi dynç almaga gelýänleriň iň söýgüli ýerleriniň biridir. Merkez 15 gektar meýdanda ýerleşýär we birbada 900 sany...

Owganystan Türkmenistan bilen iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar — ilçi

Owganystan iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmekde sebitiň döwletleri, hususan-da, doganlyk Türkmenistan bilen işjeň gatnaşyk saklaýar. Bu barada Owganystanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Mirwais Nab Aşgabatdaky owgan ilçihanasynda Owganystanyň garaşsyzlygynyň 100-ýyllygy mynasybetli gurnalan dabaraly kabul edişlikde eden çykyşynda belledi. Owganystany gülläp ösýän döwlete öwürmäge gönükdirilen taslamalaryň hatarynda diplomat TOPH gaz geçirijisiniň, Türkmenistan – Owganystan...

Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasy türkmen gazynyň eksport möçberlerini artdyrar

Hytaý Milli Nebitgaz Korporasiýasy (CNPC) we «Uzbekneftegaz» paýdarlar jemgyýeti Merkezi Aziýa – Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň (D) gurluşygynyň taslamasyny taýýarlamaga girişdirler. Bu gaz geçirijiniň çig mal binýady hökmünde Türkmenistanyň gaz känleri çykyş edýär. Täze şaha Surhanderýa welaýatynyň çäklerinden geçip, Özbegistanyň gaz infrastrukturasyny täze energetika magistralynyň täjik bölegi bilen birleşdirer. Täjigistanda bu taslamany «Trans-Tajik Gas Pipeline»...

Lebap welaýatynda awtoulaglara ýangyç guýujy döwrebap beketleriň gerimi giňeldilýär

«Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň Hojalyk hasaplaşygyndaky Lebap abatlaýyş-gurluşyk meýdançasynyň gurluşykçylary 2 sany täze ýangyç guýujy beketleriň (ÝGB) gurluşygyna başlady. Beketleriň her biri gije-gündizde 500 awtoulaga hyzmat etmäge niýetlenip, elektron dolandyryş ulgamly ýokary tehnologik enjamlar bilen üpjün ediler. Bu bolsa, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň dessinligini we ýokary hilini üpjün eder. Beketleriň gurluşygynda häzirki zaman we ýanmaýan bezeg materiallary ulanylar....

Daşary ýurtly maýadarlar Türkmenistanda tebigy gazdan metanol öndürýän zawody gurmagy teklip etdiler

Ýewropanyň “Edison Technologies”, “MMEC Mannesmann GmbH” we “Air Liquide Global E&C Solutions” hem-de Hytaýyň “SINOPEC Engineering Group” kompaniýalaryndan ybarat bolan konsorsium Türkmenistanda tebigy gazdan metanol öndürjek zawod boýunça maýa goýum taslamasyny hödürledi. Bu iri möçberli taslama 11–12-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň dowamynda prezentasiýa edildi. — Metanoly himiýa, plastika, faner, boýag,...

Özbegistanyň awtomobil senagaty Türkmenistanyň nebitgaz pudagy üçin 800 sany awtobus getirer

Türkmenistan nebitgaz pudagy üçin Samarkand awtomobil zawodynda öndürilýän «ISUZU» kysymly awtobuslaryň 800 sanysyny satyn almagy meýilleşdirýär. «Özbegistanyň täzelikleri» internet-neşiriniň habar bermegine görä, bu barada ylalaşyk Hazar deňziniň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji hazar ykdysady forumynyň çäklerinde gazanyldy. — Awtobuslar nebitgaz pudagynyň wahtalaýyn usulda zähmet çekýän işçilerini gatnatmak üçin niýetlenendir — diýip dilerlik kompaniýasynyň...

HYF-2019 — Hazar Konwensiýasynyň ilkinji miweleriniň biri — bilermen

«Awazada» geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň dowamyndan ykdysady ugurly özara bähbitli taslamalaryň ençemesi durmuşa geçiriler, diýip hukuk ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň at gazanan hukukçysy, professor Myrat Haitow belleýär. Bu barada CentralAsia.news habar berýär. — Bir ýyl mundan öň, 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Aktauda Russiýanyň, Eýranyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň liderler Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa gol...

Tatarystanyň kärhanalary Türkmenistan bilen awtomobilleri suwuklandyrylan gaza geçirmek tejribesini paýlaşar

Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Senagat we söwda ministrligine suwuklandyryaln tebigy gazy (STG) ilerletmek boýunça Türkmenistana ýardam etmekligi tabşyrdy. Bu barada Kazan Kremliniň resmi wekili Liliýa Galimowa gürrüň berdi, diýip «Tatar-inform» habar berýär. «Biziň senagat kärhanalarymyzyň hereket edip biljek Türkmenistanyň administratiw merkezleriniň birinde suwuklandyrylan tebigy gazy motor ýangyjy hökmünde ulanmagy öwrenmek boýunça başlangyç taslamany işläp düzmek...

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň I HYF gatnaşygynyň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurduň ýangyç-energetika toplumynyň birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmagynyň netijeleri jemlendi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow bu barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisinde «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, Gyýanlynyň polimer zawody...

Hazaryň energetika mümkinçilikleri Birinji HYF-nyň üns merkezinde boldy — dünýäniň HBS-leri

Ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçen birinji Hazar ykdysady forumy dünýä habar beriş serişdelerinde uly oňyn seslenme döretdi. daşary ýurtlaryň metbugat habarlarynda bu forumyň gün tertibine kenarýaka döwletleriň bäşisiniň hem-de gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlaryň netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge degişli möhüm meseleleriň giň toplumynyň girizilendigi bellenilýär. Britaniýanyň «BBC», «Londonpost», «Energyvoice», «Thisismoney» we beýleki neşirleriň belleýşi ýaly, Hazar deňziniň...

2014