Täzelikler

Ozon gatlagynyň goragy — HNGU-nyň talyplarynyň üns merkezinde

Ozon gatlagyny goramagyň häzirki zaman usullary Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirilen okuw seminarynda maslahatlaşyldy. «Ýeriň ozon gatlagynyň howanyň emele gelmegine täsiri: ozonosferada bolup geçýän üýtgeşmeleriň mümkin bolan klimatik netijeleri» atly okuw maslahatyny Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, şeýle hem bu uniwersitetiň ýanynda hereket edýän Ozon merkezi gurnady. Bu çärä uniwersitetiň mugallymlary...

Türkmenistan ŞHG ýurtlary bilen energetika we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

Türkmenistan durnukly energiýa ibermeleri ulgamyny döretmek meselelerinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletler bilen köp taraply hyzmatdaşlyga taýýar. Bu barada wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow geçen şenbe güni Daşkentde geçirilen ŞHG agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde eden çykyşynda belledi, diýip daşary ýurt HBS-leri belleýär. «Bu günki gün biziň öňümizde energiýa serişdeleriniň iberilmeginiň, diwersifikasiýasynyň,...

Hazarüsti gaz geçirijisi ÝB-niň energetika taslamalarynda dördünji sanawda galdy

Ýewropa komissiýasy Ýewropa Bileleşiginde serhetara energetika infrastrukturasyny durmuşa geçirmek üçin umumy gyzyklanma bildirilýän taslamalaryň (PCI) dördünji sanawyny tassyklady. Täze sanaw üç sany esasy maksadyň arasyndaky deňagramlylygy görkezýär: durnukly ösüş, elýeterlilik we energiýa serişdeleriniň howpsuz geçirilmegi. Soňky iki ýylda sanawda gaz taslamalarynyň sany 53-den 32-ä çenli azaldy. Täze sanawda saklanyp galanlaryň içinde Azerbaýjanyň, Gruziýany we Türkiýäniň üsti...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna owganystanly işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagyny satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurt walýutasyna reňksiz aýna we nah ýüplügi, matalar, buýan kökünden taýýarlanylan çaý içgileri ýerlenildi. Beýik Britaniýadan, BAE-den, Gonkongdan, Türkiýeden, Ermenistandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Pakistandan gelen işewürler satyn...

Bilermen tebigy gazy çykarmakda we eksport etmekde Türkmenistanyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny belledi

Dünýäniň gaz ätiýaçlyklarynyň 10,1% eýelik edýän Türkmenistan gazyň ätiýaçlyklarynyň subut edilen gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýar. Bu barada SNG.Today maglumatlar portalynyň Türkmenistan boýunça ykdysady bilermeni, synçysy Walentin Trapeznikowyň tebigy gazyň dünýä bazarynyň ösüş tendensiýalaryna bagyşlanan publikasiýasynda bellenilýär. «BP-niň maglumatlaryna görä, 2017-nji ýylda bu görkeziji boýunça Russiýa liderdi — 35 trln kub metr gaz ýa-da dünýä...

Türkmenistanda gazturbinalarynyň we beýleki elektrik enjamlarynyň abatlaýyş işlerini ýola goýarlar

«Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.» (Türkiýe) we «Çalik Enerji Swiss AG» (Şweýsariýa Konfederasiýasy) kompaniýalarynyň konsorsiumy Türkmenistanyň energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet korporasiýasy bilen şertnama laýyklykda, ýurdumyzda energetika enjamlarynyň abatlaýyş we serwis hyzmat merkezini gurarlar. Döwlet Baştutanynyň degişli karary esasynda, desga 2022-nji ýylda ulanyşa giriziler. Häzirki wagtda taýýarlyk we gurluşyk-gurnama işleri başlandy. Potratçy Orta Aziýa sebitinde serwis hyzmaty,...

Seýdiniň NGIZ ýol bitumynyň önümçiligini artdyrýar

2019-njy ýylyň 9 aýynda Seýdiniň Nebiti gaýtadan işleýän zawodynda ýol bitumynyň 24,3 müň tonnasy öndürildi. Bu görkeziji bellenilen meýilnamadan 3,5 müň tonna artykdyr, Geçen ýyl bilen deňeşdirilende ösüş depgini 112 göterime deň boldy. Ýol bitumyny öndürmek boýunça täze tehnologik desga Seýdiniň NGIZ-de 2015-nji ýylyň 16-njy fewralynda işe girizildi. Taslama «Westport Trading Europe Limited» (ABŞ) kompaniýasy tarapyndan...

«Dragon oil» Türkmenistanda nebitiň çykarylyşyny artdyrmagy meýilleşdirýär

«Dragon oil» kompaniýasy (Birleşen Arap Emirlikleri) Hazar deňziniň türkmen böleginde uglewodorodlaryň bir gije-gündizde ortaça gazylyp alynýan möçberini 10 esseden gowrak artdyrdy. Bu bolsa ýurdumyzyň uglewodorodlarynyň deňiz känlerini özleşdirmekligiň uly meýilnamasynyň barydygyny tassyklaýar. Kompaniýa «Çeleken» şertnamalaýyn çäkde önümleri bölüşmek baradaky şertnamanyň esasynda uglewodorod çig malyny 2000-nji ýyldan bäri gazyp alýar. Geçen döwürde «Jeýtun» we «Jygalybeg» nebit känleriniň...

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmengaz» DK-nyň başlygynyň täze orunbasaryny belledi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Şageldi Annasähedowiç Hangeldiýew «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi. Degişli resminama döwlet Baştutany 2019-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda gol çekdi. Bu wagta çenli Şageldi Hangeldiýew «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ýöriteleşdirilen gurnama-önümçilik birleşiginiň taslama işlerini dolandyrmak müdirliginiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetirýärdi.  ...

Energetika howpsuzlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Baku sammitindäki çykyşynda täzeçe öwüşgine eýe boldy

Goşulyşmazlyk hereketiniň Baku Forumynda Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşynda energetika howpsuzlygy temasy täze öwüşgine eýe boldy.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy R.Meredow Goşulyşmazlyk hereketiniň agza-döwletleriniň Baştutanlarynyň maslahatynyň jemlerine bagyşlanan brifingde belledi. Bellenilişi ýaly, onuň täzeçiligi Türkmen döwletiniň baştutanynyň adalatly we aýdyň ýörelgelere, energiýa çeşmeleriniň we olary ibermek serişdeleriniň deňhukukly elýeterliligine esaslanýan energiýa howpsuzlygynyň ählumumy ulgamynyň kemala getirilmegi ugrunda çykyş...

«Türkmengaz» DK-nyň Okuw merkezi — pudagyň hünärmenleriniň taýýarlygyny ýokarlandyrmaga ugur

Aşgabat şäheriniň Çoganly ýaşaýyş jaý toplumynda ýerleşen «Türkmengaz» döwlet konserniniň Okuw merkezinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň hünärmenleri hünär derejesini üstünlikli ýokarlandyrýarlar. Gysga möhletleýin öwrediji kurslar pudagyň kärhanalarynyň işiniň dürli ugurlary boýunça geçirilýär. Hünär derejesini ýokarlandyryş maksatnamalary hünär işini alyp barmak üçin zerur bolan täze bilimleri we başarnyklary almaklyga we kämilleşdirmeklige gönükdirilendir. Bilim maksatnamasynyň dowamlylygy 72 sagada niýetlenendir....

Prezident: TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň barşyny hemişe gözegçilikde saklamaly

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen şenbe güni geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri, şol sanda nebitgaz ulgamynda amala aşyrylýan iri taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» iş ýüzünde durmuşa geçirilişi barada, şol sanda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 55-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şweýsariýadan, Maltadan, Özbegistandan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, yşyklandyryjy kerosini, nebit bitumyny, binýatlyk ýagy, peç ýangyjyny satyn aldylar. Seýdiniň nebiti gaýtadan...

Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

Anna güni Bakuwyň Kongresler merkezinde Goşulyşmazlyk hereketine agza ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň XVIII Sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Azerbaýjan Respublikasyna baran Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşygy boldy. Azerbaýjanyň Baştutany Bitarap Türkmenistanyň Goşulyşmazlyk hereketi guramasynyň esasy ýörelgeleri bilen ugurdaş gelýän parahatçylyk dörediji syýasaty alyp barýandygyna ýokary baha berdi. Bu gurama...

«Turkmen Petroleum» kompaniýasy TNGIZT-niň önümleriniň ýerleniş bazarlaryny işjeň giňeldýär

«Turkmen Petroleum» kompaniýasy TNGIZT-niň önümleriniň ýerleniş bazarlaryny işjeň giňeldýär. Şu ýylyň ilkinji 9 aýynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) öndürilýän önümleriň 500 müň tonnadan gowragyny daşary ýurtlara ugratdy. Bu görkeziji geçen ýylky möçber bilen deň bolup, ýylyň ahyryna çenli satuwlary 800 müň tonna çenli ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär. «Turkmen Petroleum» 2016-njy ýyldan bäri toplumyň halkara dellaly...

2014