Täzelikler

Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimi giňeldiýär

Halkara maliýe ulgamyna üstünlikli goşulmak maksady bilen, Türkmenistanda halkara töleg ulgamlaryna geçmek işleri alnyp barylýar, dürli hyzmatlar üçin tölegleri bank plastik kartlarynyň üsti bilen amala aşyrmak üçin şertler döredilýär, diýlip, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň (MB) habarynda aýdylýar. Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda Visa we MasterCard halkara töleg ulgamlarynyň kartlarynyň önümçiligi, «Altyn Asyr» milli töleg ulgamynyň bank plastik kartlarynyňdolanyşygy...

Nebitgaz toplumy 2021-nji ýyla çenli Türkmenistany ykdysady taýdan ösdürmekde möhüm orun eýelär

Häzirki wagtda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2017-2021-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Maksatnamasynyň» taslamasy işlenilip düzülýär. Bu Maksatnama ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary göterilmegine, ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmek boýunça esasy ugurlarda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli çözmeklige gönükdirilendir. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň Strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş institutynyň belleýşi ýaly, döwlet syýasatynyň sebit maksatnamalarynyň esasy maksady ýokary ylmy-tehniki ukyba...

Awstriýaly telekeçiler Türkmenistanyň energetika we ulag infrastruktura pudaklaryndaky taslamalaryna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýärler

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Awstriýa Respublikasynyň Milli geňeşiniň ikinji prezidenti jenap Karlhaýns Kopfyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen gepleşikleriň çäklerinde taraplar dürli ugurlarda, hususan hem ykdysadyýetde we energetika pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň barşynda türkmen-awstriýa ykdysady hyzmatdaşlygyna degişlilikde bilelikdäki söwda dolanyşygyň oňyn ösüşi bellenildi. Şunlukda, türkmen-awstriýa bilelikdäki hökümetara toparynyň ähmiýetine aýratyn orun berildi. Belläp...

«Türkmennebit» DK nebit guýularynyň netijeliligini ýokarlandyrýar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2016-njy ýylda ýurduň nebitçileriniň öňünde goýan esasy wezipeleriniň biri hem, uglewodorod serişdeleriniň, şol sanda «gara altynyň» gazylyp alynýan möçberini mundan beýläk hem artdyrmak bolup durýar. «Türkmennebit» Döwlet konserniniň hünärmenleri nebit önümçiligini yzygiderli artdyrmak bilen şu wezipäni üstünlikli durmuşa geçirmeklige aýratyn goşant goşýarlar. Netijede, geçen ýylyň jemleri boýunça konsern tarapyndan gazylyp alnan «gara...

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň taslamasy ähli halkyň ara alyp maslahatlaşmagy üçin hödürlener

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny  kämilleşdirmek boýunça konstitusion toparyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň taslamasyny makullamak we ähli halkyň ara alyp maslahatlaşmagy üçin hödürlemek hakyndaky” Karara gol çekdi. Bu resminama döwlet Baştutanymyz 2-nji fewralda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek baradaky Konstitusion toparyň mejlisiniň jemleri boýunça gol çekdi, onuň barşynda konstitusion özgertmeler boýunça geçirilýän işler ara alnyp...

Oksfordyň hünärmeni türkmen gazynyň Ýewropa barmagynyň mümkinçiliklerini seljerýär

Oksford uniwersitetiniň energetiki barlaglar bölüminiň professory Jonatan Stern Türkmenistandan gazyň golaý wagtda Ýewropa eksport edilmek mümkinçiliklerini seljerdi. Bu barada Arzuw news internet-saýty habar berýär. Professoryň pikirine görä, Türkmenistan üçin şeýle mümkinçiligi Transhazar gaz geçirijisi açýar. Mundan başga-da, ýewropa bazarlaryna türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen eksport etmegiň mümkindigini hünärmen belleýär. ÝB-niň wekilleri eýýäm ençeme gezek tebigy gazyň importynyň...

Gazdan peýdalanmagyň hasaba alnyşygy halkara standartlaryna laýyklykda alnyp barylýar

Türkmenistanda halkara standartlaryna laýyk gelýän, «mawy ýangyjyň» peýdalanylyşyny hasaba alýan häzirkizaman ölçeg ulgamlaryny ornaşdyrmak işleri ýokary depginlerde dowam edýär. Bu işi «Türkmengaz» Döwlet konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» Birleşigi amala aşyrýar. Birleşigiň işjeňliginiň netijesinde Türkmenistanda tebigy gazdan maksadalaýyk peýdalanmaklyga we üznüksiz gaz üpjünçiligini ýola goýmaklyga mümkinçilik berýän hojalyk gaz ölçeg enjamlaryny oturtmak hem-de olardan peýdalanmak boýunça çäreleriň giň...

ÜNS BERIŇ: BÄSLEŞIK!

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Ýaşlar guramasy we Kärdeşler arkalaşyklarynyň komiteti Türkmenistanyň Nebitgaz ministrliginiň «Nebit-gaz» gazeti bilen bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna hem-de «Nebit-gaz» gazetiniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, döredilmeginiň 5 ýyllygyna bagyşlanan «ŞAŞKA — HALK OÝNY» diýen bäsleşigi yglan edýär. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, 2016-njy ýylyň 1-nji fewralyndan 20-nji awgusty aralygynda gazetiň her sanynda Intellektual oýunlar...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan, Gonkongdan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, yşyklandyryş kerosinini, uçar kerosinini, dizel ýangyjyny, gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we Latwiýadan gelen işewürler tehniki ýody, “B” belgili karbamidi (“Türkmenhimiýa DK”) we polipropilen haltalaryny satyn aldylar. Russiýadan, Beýik...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

29-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew milli Liderimiziň nebitgaz toplumynyň işini we dolandyryş düzümini kämilleşdirmek bilen bagly beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi...

Türkmenistan bilen Russiýa özara peýdaly we deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hem-de halkara durmuşynyň möhüm ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň ýolbaşçylyk edip gelen wekilçilikli topary bilen 28-nji ýanwarda Aşgabatda geçiren gepleşikleriniň esasyny düzdi. Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar baradaky gürrüňe geçmek bilen, türkmen Lideri we Russiýanyň daşary işler ministri iki dostlukly ýurduň özara peýdaly hyzmatdaşlygyň...

Türkmenistan bilen Eýran nebitgaz toplumynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýär

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Seýed Mohammad Ahmadiniň arasynda 27-nji ýanwarda Aşgabatda geçirilen duşuşykda nebitgaz toplumynda iri möçberli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek hakynda maslahatlaşdy. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary, şeýle hem ulag-aragatnaşyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, nebitgaz toplumynda, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemekde iri möçberli bilelikdäki taslamalary durmuşa...

Aşgabatda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa ara alnyp maslahatlaşylýar

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýany işläp taýýarlamak boýunça hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesindäki Ýörite iş toparynyň nobatdaky 43-nji mejlisi işe başlady. Foruma gatnaşmak üçin Aşgabada hazarýaka döwletleri bolan — Russiýadan, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Eýrandan wekilýetler geldi. Bäştaraplaýyn gurluşygyň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň...

Sergeý Lawrow: Russiýa bilen Türkmenistan strategik hyzmatdaşlyk edýär

Russiýa bilen Türkmenistan strategik hyzmatdaşlyk edýär — diýip, RF-yň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Sergeý Lawrow 27-nji ýanwarda Aşgabat şäherinde Russiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň binalar toplumynyň resmi taýdan açylyş dabarasynda söz sözlände belläp geçdi. «Türkmenistanyň paýtagty gözel Aşgabadyň binagärlik gurluşynyň hakykatdan hem täze özgertmelere ruhlandyrýan ýene-de bir ajaýyp bina bilen üstüniň ýetirilmegi diýseň ýakymly. Bolup geçýän wakalaryň ýene-de...

BK-nyň maksady — Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny industriallaşdyrmak meselelerini çözmekden ybarat

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda azot stansiýasynyň durkuny täzelemek işleri tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Häzirki wagtda innowasion maglumat üpjünçiliginiň kömegi bilen desganyň enjamlaryny doly awtomatlaşdyrmak hem-de ýörite dolandyryş enjamyny oturtmak işleri alnyp barylýar. Bu enjam azodyň goýalmagy, temperatura, howanyň çyglylygy ýaly azot stansiýasynda bolup geçýän hadysalara gözegçilik etmäge we ähli amallary ýerine ýetirmäge, şeýle hem...

2014