Habarlaryň arhiwi (2019-9-20)

«Hazarýaka bäşliginiň» döwletleriniň arasynda düşünişmezlikler ýok — Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň orunbasary

«Hazarýaka bäşligi» döwletleri (Russiýa, Eýran, Azerbaýjan, Gazagystan we Türkmenistan) Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýany kabul etmek bilen sebitde syýasy durnuklylygy üpjün etdiler. Bu barada Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň orunbasary Halaf Halafow belledi, diýip Interfaks-Azerbaýjan habar berýär. «Bu gün hazarýaka döwletleriniň arasynda hiç hili gapma-garşylyk we düşünişmezlik ýok. Ähli meseleler çözülýär. Hazar boýunça Konwensiýanyň kabul edilmegi...

Russiýanyň Döwlet Dumasy Hazaryň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýany tassyklady

Russiýa Federasiýasynyň (RF) döwlet Dumasy penşenbe güni geçirilen mejlisde Hazaryň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýany tassyklady diýip, Interfaks habar berilýär. Resminamany tassyklamak hakyndaky kanunyň taslamasy Döwlet Dumasyna RF-nyň Prezidenti tarapyndan girizildi. Konwensiýa 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde gol çekildi. Oňa Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän ýurtlar: Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Russiýa Federasiýasy we Türkmenistan gatnaşýar. Konwensiýa Hazar deňzini,...

Türkmenistan we ÝTÖB 2024-nji ýyla çenli hyzmatdaşlyk strategiýasyny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory Nil MakKeýniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen geçirilen duşuşykda ÝTÖB-nyň 2019-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistan boýunça strategiýasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin häsiýetini kanagatlanma bilen...

2014