Habarlaryň arhiwi (2019-9-12)

Naýyp: tebigy gazyň we kondensatyň önümçiligi artýar

«Lebaapgazçykaryş» müdirliginiň Naýyp önümçilik uçastogynda ýokary öndürijilik görkezijileri gazanyldy. Şu ýylyň geçen sekiz aýynda bu ýerde tebigy gazyň we kondensatyň önümçiligi düýpli artdy. Hususan-da, şu döwürde «mawy ýangyjyň» önümçiligi 237,4 mln kub metr. Gaz kondesatynyň önümçiligi 2317 tonna barabar boldy. Gymmat bahaly bu önümiň 440 tonnasy meýilnamadan artyk öndürildi. Uçastokda 290 töweregi işçi zähmet çekýär, häzirki zaman...

Energetika forumy özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam eder — Türkmenistanyň Prezidenti

Ýurdumyzyň energetika senagaty milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu gün Aşgabatda açylan «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bellenilýär. Döwletimiz tarapyndan geçirilýän özgertmeleriň çäginde ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, pudaga täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, döwrebap energetika enjamlaryndan baş çykarýan hünärmenleri...

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň wekilleri bilen ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Ministrler Kabinetiniň agzasy, döwlet ministri Emir Turki Bin Muhammed Bin Fahad Bin Abdul Aziz Al Saudy we Saud Arabystany Patyşalygynyň Ösüş gaznasynyň başlygynyň orunbasary hem dolandyryjy müdiri Halid Bin Sulaiman Al Hudairy bilen geçiren duşuşygynda nebitgaz ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň...

2014