Habarlaryň arhiwi (2019-8-12)

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde «Hazar deňzi: halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbidine» atly halkara maslahaty geçirildi, oňa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Forumyň gün tertibi kenarýaka ýurtlaryň hem-de gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek bilen bagly möhüm meseleleriň giň toparyny öz içine aldy. Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlary mähirli mübärekläp, birinji...

Türkmenbaşy şäherinde Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisi we «Türkmen sährasy — 2019» atly halkara awtosergi geçirildi

Türkmenbaşy şäherinde birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisi we «Türkmen sährasy — 2019» atly halkara awtosergi geçirildi. Ägirt uly çäre Hazarýaka döwletleriň we olaryň hyzmatdaşlarynyň ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda gazananlaryny we bar bolan mümkinçiliklerini giňden görkezmäge ýardam berer. Bu giň gerimli gözden geçiriliş iň täze tehnologik işläp taýýarlamalary peýdalanmak boýunça işjeň tejribe alyşmak,...

«Berkarar» myhmanhanasynda halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri maslahatlaşyldy

«Berkarar» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Hazarýaka ýurtlaryň işewür toparlarynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň gün tertibine halkara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň, sebitiň döwletleriniň dürli ulgamlaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny we tehnologiýalary çekmegiň geljegi uly bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşmagyň möhüm meseleleri girizildi. Şeýlelikde, bölümçeleriň biri nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, onuň ugurlaryna we geljegine bagyşlanyldy. Onuň mejlisine «Türkmengaz» döwlet konserniniň, «Petronas»...

2014