2019-njy ýylyň 8-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewa bölüminiň binasynda Türkmenistanyň Ženewadaky Hemişelik wekilhanasy tarapyndan 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumy boýunça birifing geçirildi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär. BMG-niň Ženewa bölüminiň binasynyň Türkmen otagynda geçirilen brifinge Eýran Yslam Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň Ilçileri, Hemişelik wekilleri, şeýle hem beýleki ýurtlaryň...