Habarlaryň arhiwi (2019-1-7)

Türkmenistan «Merkezi Aziýa — Hindistan» atly gepleşige gatnaşyjy ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň birinji maslahatyna gatnaşar

Geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 12 — 13-nji ýanwarda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde «Merkezi Aziýa — Hindistan» atly gepleşige gatnaşyjy ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň birinji maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada habar berildi. Maslahatyň gün tertibine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hindistanyň ykdysady hem-de ynsanperwer gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we Owganystanyň gatnaşmagynda sebit...

Benziniň bahasy boýunça Türkmenistan dünýäde — ýedinji, Merkezi Aziýada — birinji ýerde

«Global Petrol Prices» (ABŞ) analitik neşiri benziniň bahalary boýunça ýurtlaryň nobatdaky sanawyny neşir etdi. Hünärmenleriň nebit önümleriniň her hepdedäki bahalaryny yzygiderli gözegçilik edýän 150 döwletinden Türkmenistan 2018-nji ýylyň 31-nji dekabrynda çenli ýagdaýa görä benziniň arzanlygy boýunça sanawda ýedinji orny aldy. Neşiriň analitik maglumatlaryna laýyklykda, iň arzan benzin Wenesuelada satylýar. Ol ýurtda benziniň ýyllyk ortaça bahasy bir...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtomobil benzinini satyn aldylar. Mundan başga-da, awtomobil ulagy, reňksiz aýna we pagta süýümi satyldy. Satyn alyjy ýurtlar: Birleşen Arap Emirlikleri, Irlandiýa we Owganystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 32 million 493 müň dollaryndan gowrak...

2014