Habarlaryň arhiwi (2019-1-14)

«Merkezi Aziýa — Hindistan» atly Dialogynyň birinji duşuşygynda hyzmatdaşlygy berkitmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

2019-njy ýylyň 12-13-nji ýanwarynda Samarkand şäherinde (Özbegistan Respublikasy) «Merkezi Aziýa — Hindistan» atly Dialogynyň daşary işler ministrleriniň derejesindäki birinji duşuşygy geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Hindistanyň, Owganystanyň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň çäklerinde taraplar...

Nebitgaz pudagynyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak aýratyn möhümdir — Prezident

Türkmenistanyň nebitgaz pudagy üçin inžener-tehniki işgärleri taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berilmelidir. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow geçen anna güni Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde belledi. Onda döwlet ykdysady we durmuş syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, täze taslamalara hem-de milli maksatnamalary amala aşyrmak boýunça möhüm wezipelere seredildi, birnäçe resminamalar kabul edildi. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýa Federasiýasyndan gelen telekeçiler poliropilen we polietilen satyn aldylar. Bulardan başga-da Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Maltanyň, Owganystanyň işewürleri tehniki kükürdi («Türkmenhimiýa» DK) satyn aldylar. Şeýle hem awtoulag, portlandsement, reňksiz list aýna, buýan köküniň ergini, ýorgan-düşek toplumlary, nah...

2014