Habarlaryň arhiwi (2019-11-25)

Türkmenistan «EKSPO – 2020» Bütindünýä sergisiniň geçiriljek ýeri bolan Dubaýda Baş konsullygyny açdy

Geçen şenbe güni Birleşen Arab Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Türkmenistanyň Baş konsullygynyň dabaraly açylyşy boldy, diýip Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýty habar berýär. Öz çykyşynyň dowamynda, Türkmenistanyň Birleşen Arab Emirliklerindäki Baş konsuly Y.Amanow Dubaý şäherindäki Baş konsullygynyň açylyşynyň türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary boýunça gatnaşyklaryna uly goşant goşjakdygyny hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda möhüm orny eýelejekdigini belläp geçdi. Bu çärä Türkmenistanyň...

Türkmenistanda ýüze çykarylan demir gorlarynyň netijeli özleşdirilmegi üçin täze önümçilik dörediler

Türkmenistanyň günbatarynda Balkan welaýatynyň çäginde demriň ägirt uly gorlary bar bolan känler ýüze çykaryldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna habar berdi. Mejlisiň barşynda wise-premýer ýurdumyzyň dürli künjeklerinde «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan geçirilen geologiýa-gözleg işleriniň dowamynda Balkan welaýatynyň çäginde demriň ägirt uly gorlary bar bolan känleriň ýüze...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 82-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, BAE-den, Türkiýeden, Gazagystandan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we binýatlyk ýagy, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini we göni işlenen benzini satyn aldylar. Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden we...

2014