Habarlaryň arhiwi (2019-10-8)

Gurbanguly Berdimuhamedow Wladimir Putini doglan güni bilen gutlady we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň gün tertibini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň duşenbe güni russiýaly kärdeşi Wladimir Putini doglan güni bilen gutlady. Taraplar 11-nji oktýabrda GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabatda geçiriljek mejlisiniň gün tertibine ünsi çekdiler. Türkmenistanyň döwlet Baştutany russiýaly kärdeşine berk jan saglyk, bagt we abadançylyk, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň dostlukly halkynyň bähbidine ähli başlangyçlarynda we tagallalarynda täze üstünlikler arzuw etdi. Iki...

Türkmenistanyň makroykdysady görkezijileri 9 aýda ýokarlandy

Ministrler Kabinetiniň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň dokuz aýynda alyp baran işleriniň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berildi. Wise-premýer Goçmyrat Myradowyň habar berşi ýaly, jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy. Ministrlikler we pudak edaralary boýunça görkezijileriň seljermesiniň netijelerine laýyklykda, ýanwar — sentýabr aýlarynda, 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy. Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler sintetiki benziniň önümçiliginden alnan suwuklandyrylan gazy, Owganystandan gelen işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy daşary ýurt puluna satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurt puluna reňksiz aýna, nah mata we ýüplük, pagta übtügi satyldy. Olary satyn...

2014