Habarlaryň arhiwi (2019-5-8)

Rumyniýada I Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan «tegelek stol» geçirildi

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy Buharestiň Ykdysady ylymlar akademiýasy bilen bilelikde mugallymlar we talyplar üçin «tegelek stol» duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň dowamynda diplomatlar 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumy barada gürrüň berdiler, diýip ORIENT habarlar agentligi habar berýär. Bu çärä Akademiýanyň ýolbaşçylary, halkara işewürlik we ykdysadyýet fakultetiniň hem-de beýleki fakultetleriň professorlary hem-de...

Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşyk netijeli röwüşde geçdi – RF-iň wise-premýeri Konstantin Çuýçenko

Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşyk örän netijeli röwüşde geçdi. Bu barada RF-iň Hökümetiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Konstantin Çuýçenko ORIENT habarlar agentligine beren interwýusynda belledi. — Biz Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy jikme-jik maslahatlaşdyk. Biz energetikada, gaz ulgamynda, ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini gürleşdik. Geljek ýylda ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň artmagyny üpjün etjek ileri tutulýan ugurlary kesgitledik – diýip...

Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Gyrgyz Respublikasynyň Senagat, energetika we ýerasty baýlyklardan peýdalanmak baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary, Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň gyrgyz böleginiň başlygy Žyrgalbek Sagynbaýewiň ýolbaşçylygyndaky Gyrgyz Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady,...

2014