Habarlaryň arhiwi (2019-5-30)

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2019» XXIV Halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk başlandy

29-njy maýda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2019» atly XXIV halkara maslahatyny we sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. «Türkmennebit» döwlet konserniniň hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde gurajak forumyny 22 — 24-nji oktýabrda Aşgabatda geçirmek bellenilýär. Wise-premýer şeýle hem  ýangyç-energetika toplumynyň dürli pudaklarynda işleriň ýagdaýy, «Türkmenistanyň...

Hazar gazynyň Ýewropa iberilmeginiň ähmiýeti ýyl geçdigiçe artar – GEDF-niň Baş sekretary

Ýewropany tebigy gaz bilen üpjün etmekde Hazar sebitiniň ähmiýeti ýyl geçdigiçe artýar, diýip penşenbe güni Gazy eksport ediji döwletleriň Forumynyň (GEDF) Baş sekretary Ýuriý Sentýurin belledi. Bu barada Interfaks-Azerbaýjan habar berýär. «Ýewropa ýurtlarynda gazyň çykarylyşynyň pese düşmegi we ýangyjyň beýleki görnüşleriniň peýdalanylmagynyň çäklendirilmegi netijesinde Ýewropa kontinentini tebigy gaz bilen üpjün etmekde Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň...

GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşyklary meýilleşdirilýär

Ertir, 31-nji maýda Aşgabatda Türkmenistanyň şu ýyl GDA başlyklyk etmeginiň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler, diýip Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär. Bu çärä gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza GDA gatnaşyjy-ýurtlaryndan wekilçilikli wekiliýetler gelerler. Bu mejlisiň işiniň dowamynda 30-njy we 31-nji maýda wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşyklary geçirmegi meýilleşdirilýär. Mejlisiň dowamynda GDA gatnaşyjy-döwletleriň...

2014