Habarlaryň arhiwi (2019-5-14)

Türkmenistanyň Prezidenti we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna 2019-njy ýylda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewiň arasynda geçirilen duşuşykda Arkalaşygyň çäklerinde ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Myhman GDA-nyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň Arkalaşygyň çäklerinde ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge...

Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek GDA-nyň ileri tutýan ugurlarynyň biridir — Sergeý Lebedew

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary S.N.Lebedew Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşykda 2019-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň gatnaşyjy-döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedigini nygtady, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Myhman şeýle hem Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň Arkalaşygyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup durýandygyny belläp geçdi. Duşuşygyň...

Türkmenistan we Eýran özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge ýykgyn edýär — DIM

13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Aşgabada iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammad Jawad Zarif bilen duşuşyk geçirildi, diýip ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Gepleşikleriň barşynda taraplar derwaýys meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwerlik ulgamlarynda özara bähbitli türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ösdürilmegi boýunça tagallalaryny tassykladylar....

2014