Energiýa geçirijileriniň bazaryny diwersifikasiýalaşdyrmak Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistan bilen alyp barýan hyzmatdaşlyk strategiýasynyň möhüm sütünidir. Bu barada AÖB-niň Türkmenistan boýunça direktory jenap Si. Si. Ýu «Нейтральный Туркменистан» gazetine beren interwýusynda belledi. Ol bu wezipä 2019-njy ýylyň awgustynda bellenildi. Si.Si.Ýu-nyň belleýşi ýaly: «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy sebit häsiýetli esasy tagalla edilýän taslamalaryň hatarynda bolmagynda galýar. Bu...