Habarlaryň arhiwi ()

«Galkynyş» gaz känindäki täze barlag guýusyndan senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy

«Galkynyş» gaz käninde «Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasynyň «Marynebitgazgözleg» müdirliginiň nebitgazgözlegçileriniň burawlan №26 belgili barlag guýusyndan ýokary basyşly senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy. «Mawy ýangyjyň»  bu akymy birnäçe aýlyk irginsiz buraw işleriniň netijesinde, 4300 metr çuňlukdaky ýokaryýura karbonat çökündilerinden alyndy. «Marynebitgazgözleg» müdirliginiň burawçylarynyň ygtyýarynda HHR-de öndürilen ZJ-70DBS kysymly ýokary netijeli häzirkizaman buraw enjamlarynyň dördüsi hereket edýär. Burawçylaryň zähmet...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Täjigistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen  polipropileni we awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, Hytaýyň, Türkiýäniň, Täjigistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “A” kysymly tehniki ýody we “B” kysymly karbamidi (“Türkmenhimiýa” DK)...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

18-nji fewralda  Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew  ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa...

Ýurdumyzyň iň beýik nokady — Aýrybaba belentliginde Türkmenistanyň baýdagy dikildi

Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň iň beýik nokadynda — Köýtendagyň jöwheri hasaplanýan, beýikligi 3139 metre ýetýän Aýrybaba belentliginde türkmen alpinistleri milli tugumyzy dikdiler. Çuňňur watançylyk ruhuna ýugrulan bu çäräni Türkmenistanyň sport baradaky Döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky Döwlet komitetiniň ýardam bermeginde «Agama» Alpinistik kluby gurnady. Däbe öwrülen belentlige çykyşlyga Aşgabadyň, Balkanabadyň...

Türkmenbaşynyň Halkara deňiz menzilindäki polipropilen üçin niýetlenen terminal önümçilik kuwwatyny artdyrar

Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz menziliniň gurluşygynyň taslamasynyň çäklerinde öňki ýyllarda gurlup ulanylmaga berlen polipropilen saklamaga we ýüklemäge ýöriteleşdirilen terminalyň hem düýpli durkuny täzelemek işleri göz öňünde tutulandyr. Bu ilkinji nobatda, Türkmenistanda aglaba bölegi eksporta iberilýän polipropileniň önümçiliginiň ýokary depginlerde ösmegi bilen şertlenendir. Polipropilen üçin niýetlenen terminalyň durkuny täzelemegiň taslamasy Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa onuň Türkmenbaşynyň Halkara deňiz...

Türkmenistanda tankerleriň we nebitgaz maksatly beýleki gämileriň gurluşygy ýola goýlar

Türkmenistanda gurluşygy dowam edýän täze gämi gurýan kärhanada dürli maksatly gämileriň, şol sanda nebit önümlerini we suwuklandyrylan gazy daşamaklyga ýöriteleşdirilen gämileriň gurluşygy ýola goýlar. Gämi gurýan kärhananyň gurluşygy Hazaryň kenarynda gurulýan Halkara deňiz menzilini gurmak boýunça iri taslamanyň çäklerinde amala aşyrylýar. 16-njy fewralda Balkan welaýatyna iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şol taslamanyň çäklerindäki...

Ýurdumyzyň merkezi HBS-lerinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň taslamasy neşir edildi

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň taslamasy ähli halkyň ara alyp maslahatlaşmagy üçin ýurduň merkezi gazetlerinde neşir edildi. 2-nji fewralda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek baradaky Konstitusion toparyň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmek we ony döwrüň talaplaryna laýyk getirmek işine ähli halkymyzyň işjeň gatnaşjakdygyna berk ynam bildirdi. Bilşimiz ýaly, hut şol mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti,...

Döwlet zerurlyklary üçin potratçylary seçip almakda bäsleşikleri geçirmekligiň täze Tertibi tassyklanyldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Býujetden sarp edijileriň zerurlyklary üçin harytlary satyn almak, işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlary etmek boýunça potratçylary seçip almakda bäsleşikleri geçirmekligiň täze Tertibi tassyklanyldy. Bu resminamanyň taslamasyna geçen hepdäniň anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde garalyp geçildi. Döwlet Baştutany, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek üçin onuň hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň, ýurdumyzda ykdysady gatnaşyklary...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen tehniki kerosini we “B” kysymly karbamidi (“Türkmenhimiýa DK”) satyn aldylar. Mundan başga-da pagta ýagy, nah ýüplük, pagta süýümi, pagta galyndylary ýerlenildi. Satyn alan yurtlar: Russiýa, Beýik...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

12-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy.  Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmek maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde gözegçilik edýän...

“Dragon Oýl (Türkmenistan) Ltd” kompaniýasynyň Türkmenistanda goýan maýasy ABŞ-nyň 5 milliard dollaryna ýetdi

“Dragon Oýl (Türkmenistan) Ltd” kompaniýasy Türkmenistanda işleýän 15 ýyldan gowrak döwrüniň içinde “Çeleken” şertnamalaýyn çäkdäki deňiz ýataklaryny işläp taýýarlamaga ABŞ-nyň 5 milliard dollaryny goýdy. Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän “Çeleken” meýdançasynyň  şertnamalaýyn çägine Jeýtun we Jygalybeg ýataklary girýär. “Dragon Oýl (Türkmenistan) Ltd” kompaniýasy (Birleşen Arap Emirlikleri) olary 1999-njy ýylda Türkmenistanyň hökümeti bilen baglaşan şertnamasynyň şertleri esasynda...

Türkmenistan bilen ESKATO-nyň arasynda ulag we energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen paýtagtyna sapar bilen gelen BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Aziýa we Ýuwaş umman üçin Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESKATO) Ýerine ýetiriji sekretary hanym Şamşad Ahtary bilen geçiren duşuşygynda ulag we energetika ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň öňe süren, bu ugurlarda...

Türkmenistanyň Prezidenti we Owganystanyň ilçisi TOPH taslamasynyň döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ähmiýetini belläp geçdiler

TOPH taslamasynyň gurluşygynyň durmuşa geçirilişi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda öz diplomatik işini tamamlaýan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohammad Fazil Saýfi bilen geçiren duşuşygynyň esasy meseleleriniň birine öwrüldi. Duşuşygyň dowamynda, Aziýa giňişliginde örän iri Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň Owganystanda parahatçylykly durmuşyň esaslaryny pugtalandyrmak ýolunda möhüm ädim bolandygy hem-de hakyky hoşniýetli goňşuçylykly...

Tejen – Sarahs gara ýolunyň ugrunda täze ýangyç guýýan stansiýa işe girizildi

Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Ata oba geňeşliginde ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary bilen enjamlaşdyrylan we iň ýokary hil talaplaryna laýyk gelýän awtoulaglara ýangyç guýýan häzirkizaman stansiýa işe girizildi. Tejen – Sarahs gara ýolunyň ugrunda ýerleşen täze AÝGS gije-gündiziň dowamynda dürli kysymly awtoulaglaryň 750-den gowragyna ýangyç guýmaga niýetlenendir. Täze stansiýada ýangyç guýýan häzirkizaman enjamlary oturdylyp, olar ýeňil hem...

TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşyk depgini barha ýokarlanýar

TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginde kebşirlemek işleri başlandy. Bu işi gurluşygyň baş potratçysy bolan «Türkmennebitgazgurluşyk» Döwlet konserniniň «Marynebitgazgurluşyk» tresti ýerine ýetirýär. Kebşirlemek işleri bilen bir wagtda, gaz geçirijiniň gapdaly bilen geçiriljek awtomobil ýolunyň hem gurluşygy dowam etdirilýär. Öň bellenilip geçilişi ýaly, «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň 214 kilometre barabar bolan türkmen bölegini gurmaklygy Türkmen Lideri «Türkmennebitgazgurluşyk» hem-de «TAPI...

2014