Habarlaryň arhiwi ()

Döwlet zerurlyklary üçin potratçylary seçip almakda bäsleşikleri geçirmekligiň täze Tertibi tassyklanyldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Býujetden sarp edijileriň zerurlyklary üçin harytlary satyn almak, işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlary etmek boýunça potratçylary seçip almakda bäsleşikleri geçirmekligiň täze Tertibi tassyklanyldy. Bu resminamanyň taslamasyna geçen hepdäniň anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde garalyp geçildi. Döwlet Baştutany, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek üçin onuň hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň, ýurdumyzda ykdysady gatnaşyklary...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen tehniki kerosini we “B” kysymly karbamidi (“Türkmenhimiýa DK”) satyn aldylar. Mundan başga-da pagta ýagy, nah ýüplük, pagta süýümi, pagta galyndylary ýerlenildi. Satyn alan yurtlar: Russiýa, Beýik...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

12-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy.  Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmek maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde gözegçilik edýän...

“Dragon Oýl (Türkmenistan) Ltd” kompaniýasynyň Türkmenistanda goýan maýasy ABŞ-nyň 5 milliard dollaryna ýetdi

“Dragon Oýl (Türkmenistan) Ltd” kompaniýasy Türkmenistanda işleýän 15 ýyldan gowrak döwrüniň içinde “Çeleken” şertnamalaýyn çäkdäki deňiz ýataklaryny işläp taýýarlamaga ABŞ-nyň 5 milliard dollaryny goýdy. Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän “Çeleken” meýdançasynyň  şertnamalaýyn çägine Jeýtun we Jygalybeg ýataklary girýär. “Dragon Oýl (Türkmenistan) Ltd” kompaniýasy (Birleşen Arap Emirlikleri) olary 1999-njy ýylda Türkmenistanyň hökümeti bilen baglaşan şertnamasynyň şertleri esasynda...

Türkmenistan bilen ESKATO-nyň arasynda ulag we energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen paýtagtyna sapar bilen gelen BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Aziýa we Ýuwaş umman üçin Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESKATO) Ýerine ýetiriji sekretary hanym Şamşad Ahtary bilen geçiren duşuşygynda ulag we energetika ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň öňe süren, bu ugurlarda...

Türkmenistanyň Prezidenti we Owganystanyň ilçisi TOPH taslamasynyň döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ähmiýetini belläp geçdiler

TOPH taslamasynyň gurluşygynyň durmuşa geçirilişi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda öz diplomatik işini tamamlaýan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohammad Fazil Saýfi bilen geçiren duşuşygynyň esasy meseleleriniň birine öwrüldi. Duşuşygyň dowamynda, Aziýa giňişliginde örän iri Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň Owganystanda parahatçylykly durmuşyň esaslaryny pugtalandyrmak ýolunda möhüm ädim bolandygy hem-de hakyky hoşniýetli goňşuçylykly...

Tejen – Sarahs gara ýolunyň ugrunda täze ýangyç guýýan stansiýa işe girizildi

Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Ata oba geňeşliginde ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary bilen enjamlaşdyrylan we iň ýokary hil talaplaryna laýyk gelýän awtoulaglara ýangyç guýýan häzirkizaman stansiýa işe girizildi. Tejen – Sarahs gara ýolunyň ugrunda ýerleşen täze AÝGS gije-gündiziň dowamynda dürli kysymly awtoulaglaryň 750-den gowragyna ýangyç guýmaga niýetlenendir. Täze stansiýada ýangyç guýýan häzirkizaman enjamlary oturdylyp, olar ýeňil hem...

TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşyk depgini barha ýokarlanýar

TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginde kebşirlemek işleri başlandy. Bu işi gurluşygyň baş potratçysy bolan «Türkmennebitgazgurluşyk» Döwlet konserniniň «Marynebitgazgurluşyk» tresti ýerine ýetirýär. Kebşirlemek işleri bilen bir wagtda, gaz geçirijiniň gapdaly bilen geçiriljek awtomobil ýolunyň hem gurluşygy dowam etdirilýär. Öň bellenilip geçilişi ýaly, «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň 214 kilometre barabar bolan türkmen bölegini gurmaklygy Türkmen Lideri «Türkmennebitgazgurluşyk» hem-de «TAPI...

Türkmenistan bilen Türkiýäniň özara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny diwersifikasiýalaşdyrmagy üçin giň mümkinçilikler bar

9-njy fewral Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýäniň Eksport harytlarynyň sergisine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip türkmen paýtagtyna gelen Türkiýe Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mustafa Elitaşyň arasynda bolup geçen duşuşykda türkmen-türk ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. kabul etdi. Gürrüňdeşligiň barşynda Mustafa Elitaş türk işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge...

Tebigy gazyň ägirt uly gorlary Türkmenistanyň himiýa senagatyny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Türkmenistanyň Hökümetinde 8-nji fewralda geçirilen nobatdaky wideoşekilli iş maslahatynda ýurdumyzyň himiýa senagatyny ösdürmek boýunça maksatnamalary üstünlikli çözmek maksady bilen durmuşa geçirilýän anyk çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde önümçilik kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna önüm çykarmaga barabar bolan karbamid öndürjek zawodyň gurluşygynyň barşy barada jikme-jik habar berildi. Prezident Gurbanguly...

Türkmenistan we ABŞ ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmeklige gyzyklanma bildirdiler

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça kömekçisiniň birinji orunbasary jenap Willýam Toduň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşykda taraplar Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary geljekde diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmeklige gyzyklanma bildirdiler. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, taraplar Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň...

BMG-niň bilermenleri Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň geljek ýyllarda hem ýokary göterilmegini çaklaýarlar

Halkara bilermenleriniň çaklamalaryna görä, Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 2016-2017-nji ýyllarda has ýokary sepgitlere ýetip, bu görkeziji degişlilikde 10,5% we 9,9% deň bolar. Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depginiň şu hili bahalandyrmalary BMG-niň resmi saýtynda neşir edilen «Dünýäniň ykdysady ýagdaýy we 2016 ýyl üçin meýilnamalar» atly dokladynda ýerleşdirilipdir. Bu hasabatda dünýäniň öňdebaryjy bilermenleri dürli...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen yşyklandyryjy kerosini, uçar kerosinini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna  jinsi matasy, polipropilen gaby, portlandsement, naz ýüplük we pagta süýümi satyldy. Olary Russiýadan, Beýik Britaniýadan,...

Türkmenistanyň kärhanalary ekologiki taýdan ätiýaçlandyryldy

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky Döwlet komiteti tebigy çig mallardan peýdalanmak bilen meşgullanýan kärhanalarda ekologiki taýdan ätiýaçlandyrmak işini tamamlady. Şeýle kärhanalaryň hataryna zawoddyr fabrikler, nebitgaz döwlet konsernleriniň kärhanalary, dokma, senagat, oba hojalyk we ulag-aragatnaşyk kärhanalary, şeýle hem, Türkmenistanda hereket edýän daşary ýurt kompaniýalary degişlidir. Döwlet komitetine degişli bolan «Hazarekogözegçilik» gullugy suwüsti we gury...

2016-njy ýylyň ýanwar aýy boýunça ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň işiniň netijeleri maslahatlaşyldy

Şu gün Türkmenistanyň Nebit-Gaz toplumynyň Merkezi binasynda nebit-gaz pudagynyň edaralarynyň we kärhanalarynyň 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda edilen işleriň netijelerine hem-de «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň» durmuşa geçirilişine bagyşlanan maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Nebit we gaz ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň, «Türkmengaz», «Türkmennebit», «Türkmennebitgazgurluşyk»...

2014