Habarlaryň arhiwi ()

«Türkmennebit» DK-nyň abatlaýyş-mehaniki zawody arassa girdejisiniň möçberini artdyrýar

«Türkmennebit» döwlet konserniniň öňdebaryjy bölümleriniň biri hem Balkan welaýatynda ýerleşýän Abatlaýyş-mehaniki zawoddyr. Onuň esasy iş ugry nebitpromysel enjamlary üçin ýokary hilli ätiýaçlyk şaýlaryny öndürmek bolup durýar. Şu ýylyň geçen 8 aýynda döwrebap derejede ösýän bu kärhana ýokary önümçilik görkezijilerini gazanmagy başardy. Tassyklanan meýilnama laýyklykda, ýerine ýetirilen işlerden özleşdirilen pul möçberi her aýda 600 müň manada deň...

SNGIZ-de nebitgaz pudagynyň hünärmenleriniň hünär derejesini kämilleşdiriş okuwlary geçirilýär

SNGIZ-niň hünärmenleri hünär taýdan kämilleşdirmek boýunça №15 merkezi CNPC hytaý kompaniýasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Bu ýerde nebitgaz pudagynyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça gysga möhletleýin okuw sapaklary geçilýär. Ýakynda ýaş hünärmenleriň nobatdaky tapgyry Merkezde hünär kämilleşdiriş okuwlaryny üstünlikli tamamladylar. Okuw sapaklary Türkmenistanda hereket edýän kompaniýalaryň zerurlyklaryny nazara alyp işlenip düzüldi we nebitgaz pudagynda täze gazanylanlary...

Gaz torlary güýz-gyş möwsümine taýýarlanylyp başlandy

Häzirki wagtda «Türkmengazüpjünçilik» müdirliginiň işgärleri güýz-gyş möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde bitewi gaz toruna tehniki ideg etmek işlerini alyp barýarlar. Daşoguz welaýatynyň çäklerinde «Köneürgençetrapgaz» hojalyk kärhanasynyň işgärleri ygtybarly gaz üpjünçiligini ýola goýmak maksady bilen meýilleşdirilen meýilnama-arassalaýyş işleriniň ählisini doly derejede ýerine ýetirýärler. Şeýle hem 400-den gowrak gaz paýlaýjy we gaz sazlaýjy enjamlara hem-de umumy uzynlygy 1700 km bolan...

Prezident: ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ähli pudaklarynyň iş öndürijiligi artdyrylmaly

Ýurdumyzyň ägirt uly maýa serişdeleri gönükdirilýän ýangyç-energetika toplumynyň pudaklarynyň iş öndürijiligi artdyrylmalydyr. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysynyň, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda belledi. Maslahatda Garaşsyzlyk gününe we Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görlüşine, şeýle hem beýleki birnäçe meselelere garaldy. Hususan-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary...

Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisini geçirmäge taýýarlyk görülýär

Geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp geçiriljek Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine taýýarlyk görlüşi ara alnyp maslahatlaşyldy. Habar berlişi ýaly, 23 — 24-nji sentýabrda geçiriljek ägirt uly gözden geçiriliş Söwda senagat edarasynyň binasynda guralar. Şol ýerde ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň, guramalaryň, häkimlikleriň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň 70-den gowrak...

12-14-nji sentýabrda Aşgabatda energetika boýunça halkara forum geçiriler

12 — 14-nji sentýabrda Aşgabatda «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler. Forumy geçirmäge görülýän taýýarlyk işleriniň barşy geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde maslahatlaşyldy. Bu çärelere ýerli hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, dürli ýurtlardan kärhanalaryň we işewürleriň 120-ä golaýynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Sergini we maslahaty ýokary derejede geçirmek maksady...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Şweýsariýadan we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtoulag benzinini we göni işlenen benzini hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtoulag benzinini we göni işlenen benzini satyn aldylar. Russiýa Federasiýasynyň işewür toparlarynyň wekilleri Gyýanlynyň polimer zawodynda...

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri HYF-nyň jemlerini we GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygyna taýýarlygy maslahatlaşdylar

Penşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Ö.Meredow Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrow bilen telefon arkaly gepleşikde oktýabrda Aşgabatda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine görülýän taýýarlyklar dogrusynda pikir alyşdylar. Şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 11-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi ýurdumyzyň şu ýylda Arkalaşyga başlyklyk...

«ARETI-niň» ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň eksperti-hünärmeni wezipesine bellenildi

Penşenbe güni Gurbanguly Berdimuhamedow «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýewi kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda holding tarapyndan amala aşyrylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, nebitgaz ulgamynda we beýleki ugurlarda täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz...

Dünýä metbugaty Türkmenistan bilen Singapuryň ykdysady hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçiliklerini bellediler

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapura iki günlük döwlet saparyny, türkmen Lideriniň bu Respublikanyň ýokary häkimiýeti we iri kompaniýalarynyň top-menejerleri bilen duşuşyklaryny beýan edip, daşary ýurtly habar beriş serişdeleriniň aglabasy türkmen-singapur ykdysady hyzmatdaşlygynyň, şol sanda ýangyç-energetika we himiýa toplumlarynda ägirt uly geljeginiň bardygyna ünsi çekdiler. Hususan-da, Singapuryň iň abraýly iňlis dilindäki «The Straits Times» neşiri bu ýurduň söwda...

Mary welaýatynda Gazçylaryň hünär taýýarlygynyň merkeziniň gurluşygy alnyp barylýar

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň çäklerinde birnäçe bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär, şol sanda Mary welaýatynda Hünär taýýarlygy merkeziniň gurluşygy alnyp barylýar. Koreýanyň halkara hyzmatdaşlyk agentligi KOICA we «Türkmengaz» döwlet konserni bu desganyň buýrujysydyr. Kwalifisirlenen potratçylar hökmünde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Çyzgy» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary çykyş edýär. bahasy 2,4...

Nebitçiler buraw möçberlerini artdyrýarlar

«Türkmennebit» konserni Balkanabatda we tutuş ýurtda birnäçe periferiýa kärhanalaryny düzümine alýar. Şeýle kärhanalaryň biri hem «Nebitgazburawlaýyş» trestidir. Trestiň işgärleriniň känlerde geçirýän serwis tehniki hyzmatynyň netijesinde hereket edýän guýularyň ulanyş möhleti artdyrylýar we olaryň gündelik debiti ýokarlanýar. Şu ýylyň geçen 7 aýynda «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň işgärleri tarapyndan geçilen dag jynslarynyň çuňlugy 15 müň 245 metre barabar boldy. Şolardan...

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisinde Türkmenistanyň energiýa geçirijileri ulgamynda täze başlangyç bilen çykyş eder

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 17-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda açyljak Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlaryny neşir etdi. Bu ugurlar Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu gezekki mejlisiniň çäklerinde esasy iş ugurlaryny kesgitlär. Ileri tutulýan ugurlar özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygynyň has möhüm ugurlaryny öz içine alýar. Baş Assambleýanyň 74-nji mejlisinde Aşgabadyň çykyş etjek başlangyçlarynyň...

Türkmen-singapur gepleşikleriniň netijeleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Singapur Respublikasynyň Premýer-ministriniň duşuşygy tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Hususan-da, Diplomatik, gulluk ýa-da resmi pasportlaryň eýeleri üçin wiza talaplaryny özara ýatyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Singapur Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga çekildi. Girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak we salgytlary tölemekden boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak...

Türkmenistanyň Prezidenti we Singapuryň Premýer-ministri döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

Biz Singapur bilen berk gatnaşyklary ýola goýmak bilen, Siziň ýurduňyzyň söwda-ykdysady ulgamda hem Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri boljakdygyna umyt baglaýarys diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Singapuryň Premýer-ministri Li Sýan Lun bilen geçiren gepleşiklerinde belledi. Biz Türkmenistanda singapur kompaniýalarynyň alyp barýan işleriniň gerimini giňeltmegini goldarys. Şunuň bilen birlikde, biz ýokary tehnologiýaly ugurlara üns bermegi maksat edinýäris. Bu babatda...

2014