Habarlaryň arhiwi (2018-11-16)

Nebit gymmatlaýar: «Brent» - $67,17, «WTI» - $56,88

2018-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Moskwa wagty bilen 7:57-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,84 göterim ýokarlanyp, 67,17 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,74 göterim gymmatlap, 56,88 amerikan dollaryna barabar boldy. Söwda gatnaşyjylar OPEC-iň nebitiň dünýä bazarynda teklibiniň artyklygynyň alamatlarynyň netijesinde onuň çykarylyşyny çäklendirmäge başlamaklaryna garaşýarlar, diýip Ria Nowosti habar berýär. Geçen...

Türkmenistanyň wekiliýeti «ADIPEС–2018» halkara nebitgaz forumyna gatnaşdy

2018–nji ýylyň 12–15-nji noýabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde bu ýurduň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň howandarlygynda “ADIPEС–2018” atly 21-nji halkara nebit-gaz sergisi we maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň wekiliýeti bu iri pudaklaýyn foruma işjeň gatnaşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, «ADIPEС–2018» — energiýa çeşmeleriniň gelejegini ara alyp maslahatlaşmak...

Aşgabatda energetika taslamalary boýunça hyzmatdaşlyk etmekde hakynda AÖB bilen ylalaşyklara gol çekildi

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň elektrik energetika ulgamyny berkitmek taslamasyny we Täjigistany Merkezi Aziýa energetika ulgamyna gaýtadan goşmak taslamasyny Aziýa ösüş banky tarapyndan maliýeleşdirmek boýunça iki sany ylalaşyga gol çekildi. Bu barada ORIENT habarlar agentligi habar berýär. Ylalaşyklara şu gün Aşgabatda öz işine başlan Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk (CAREC) Maksatnamasynyň 17-nji ministrler maslahatynda gol çekildi. Maslahata...

2014