Habarlaryň arhiwi (2018-11-12)

ÝET-niň 2018-nji ýylyň 10 aýynyň jemleri jemlenildi

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredowyň ýolbaşçylygynda nebitgaz toplumynyň kärhanalarynda 2018-nji ýylyň geçen on aýynda edilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary N.Bäşimow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy D.Hajyýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Ş.Abdrahmanow, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň direktory D.Bäşimow, «Nebitgazhyzmat» ÝPJ-niň  başlygy...

Nebit gymmatlaýar: «Brent» - $71,27, «WTI» - $60,77

2018-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Moskwa wagty bilen 8:49-da «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 1,55 göterim ýokarlanyp, 71,27 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,96 göterim gymmatlap, 60,77 amerikan dollaryna barabar boldy. 11-nji noýabrda Abu-Dabide monitoring boýunça OPEC+ ministrler komitetiniň mejlisi geçirildi. Bu geňeş ylalaşyklaryň berjaý edilişine gözegçilik etmek we ony düzetmek...

Türkmenistanyň wekiliýeti Kabulda türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň meselelerini maslahatlaşdy

6–8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin Owganystan Yslam Respublikasynyň Kabul şäherinde iş saparynda boldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky...

Türkmenistanyň we Türkiýäniň DIM-leriniň ýolbaşçylary Hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamasyny maslahatlaşdylar

Türkiýe we Türkmenistan Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygy bilen bagly meseleleri maslahatlaşdylar. Bu barada geçen hepdede iki günlük sapar bilen Aşgabada gelen Türkiýäniň DIM-iniň ýolbaşçysy Mewlüt Çawuşogly žurnalistlere habar berdi, diýip ORIENT habarlar agentligi belleýär. Türkiýäniň DIM-niň ýolbaşçysynyň sözlerinä görä, türkmen kärdeşi R.Meredow bilen duşuşyk wagtynda Transanatoliý (TANAP) gaz geçirijisi boýunça halkara bazarlaryna türkmen gazyny ibermek meseleleri...

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň DIM-niň ýolbaşçysy bilen türkmen-türk gatnaşyklarynyň geljegini maslahatlaşdy

Geçen anna güni Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen türkmen-türk gatnaşyklarynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy. Söwda-ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk we beýleki ulgamlar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lazurit) üstaşyr-ulag geçelgesini döretmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda...

2014