Habarlaryň arhiwi (2018-10-3)

ABŞ-nyň kompaniýalary Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň geljegini uly hasaplaýarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Nýu-Ýorkda geçirilen «Türkmenistan — ABŞ» Işewürler geňeşi ikitaraplaýyn işewür gatnaşyklary ösdürmegiň täze ugurlaryny kesgitledi. Oňa gatnaşyjy iri amerikan kompaniýalarynyň wekilleriniň belleýşi ýaly, duşuşyk Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady kuwwata eýedigini nobatdaky gezek subut etdi. amerikan işewürlerinden başga-da, foruma başga ýurtlardan, şol sanda Kanadadan we Beýik Britaniýadan iri kompaniýalaryň gatnaşmaga isleg bildirmegi...

2017-nji ýylda HHR bilen Türkmenistanyň arasynda haryt dolanyşygy 17,6 göterim ýokarlandy

Soňky ýedi ýylyň içinde Hytaý Türkmenistanyň iri söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda ygtybarly orny eýeleýär. Bu barada HHR-iň Türkmenistandaky ilçisi Sun Weýdun Aşgabatda öz döwletiniň emele gelmeginiň 69 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk diplomatik kabul edişlikde eden çykyşynda belledi. Bu barada ORIENT habarlar agentligi habar berýär. Diplomatyň sözlerine görä, 2017-nji ýylda iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygy 6,94 mlrd amerikan dollaryna...

BMG-de Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby tanyşdyryldy

Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda çapdan çykan “Türkmenistan Durnukly Ösüşiň Maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasyny geçirdiler, diýip TDH habar berýär. Tanyşdyryş dabarasyna BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisine dürli ýurtlardan gelen köp sanly wekiliýetleriň, guramanyň dürli komitetleriniň we bölümleriniň wekilleri, jemgyýetçilik işgärleri, alymlar...

2014