Habarlaryň arhiwi (2018-10-25)

AÖB 2019-2021-nji ýyllarda Türkmenistanyň ykdysadyýetine ABŞ-nyň 1 milliard dollaryna golaý maýa serişdelerini goýar

Aziýanyň ösüş banky tarapyndan hödürlenen meýilnama boýunça 2019 —2021-nji ýyllarda milli ykdysadyýetimize ABŞ-nyň 1 milliard dollaryna golaý maýa serişdelerini goýmak göz öňünde tutulýar, diýip TDH agentligi habar berýär. Taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň barşynda onuň möçberleriniň has-da artmagyna garaşylýar. AÖB sebit meýilnamasynyň umumy wezipelerine laýyklykda Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk, energetika, nebitgaz ýaly ulgamlaryna, şeýle hem hususy bölege maýa goýumlaryny gönükdirmäge...

Dragon Oil Türkmenistanda nebit çykarylyşyny günde 100 müň barrele çenli artdyrmagy meýilleşdirýär – Baş direktor

Dubaýyň Emirates National Oil Company (ENOC) energetika kompaniýasynyň düzümindäki «Dragon Oil» kompaniýasy hereket edip ýören taslamalary ösdürmek üçin geljek onýyllyklarda 13 milliard dollar maýa goýmak we 2019-njy ýylda giňeltmek üçin 500 million dollar sarp etmek isleýär. Bu barada «Dragon Oil» kompaniýasynyň baş direktory Ali Raşid Al-Jarwan 23-25-nji oktýabrda Dubaýda Bütindünýä söwda merkezinde geçirilen Gas and...

Nebit önümlerini saklamak we düşürmek üçin niýetlenen Kenar kärhanasynyň täze demirýol estakadasy ulanmaga berildi

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nebit önümlerini saklamak we düşürmek üçin niýetlenen awtomatlaşdyrylan Kenar kärhanasynyň täze demirýol estakadasy ulanmaga berildi. Bu desganyň işe girizilmegi Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň nebit terminalynyň goýberiş ukybyny ep-esli artdyrmaga, sebitde iri nebithimiýa kärhanasynda çykarylýan önümleri ýurdumyzyň we daşary ýurtlularyň sarp edijilerine ygtybarly iberilmegini ýokarlandyrmaga mümkinçilik döreder. Täze demirýol...

2014