Habarlaryň arhiwi (2019-5-27)

«Türkmennebit» DK we «Tatneft» hyzmatdaşlygy giňeltmegi meýilleşdirýär

«Türkmennebit» döwlet konserni we «Tatneft» Goturdepe käniniň plastlarynyň nebit berijiligini artdyrmak hakynda goşmaça ylalaşyk baglaşmagy meýilleşdirýär. Bu barada «Tatneft» PAO-nyň Tatarystan Respublikasyndan daşyndaky nebitgaz taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça müdirliginiň başlygynyň orunbasary Rafael Afletonow Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki tatar-türkmen iş toparynyň altynjy mejlisiniň barşynda belledi. Mejlis geçen hepdede Kazanda geçirildi. Bu barada «Tatar-inform»...

«Çalik Enerji» konsorsiumy Türkmenistanda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezini gurar

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasyna konsorsiumyň düzümine girýän Türkiýe Respublikasynyň «Çalyk Enerji Sanaýi ve Ticaret A.Ş.» we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň «Calik Enerji Swiss A.G.» kompaniýalary bilen Büzmeýin döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezini daşarky eltiji inžener ulgamlary bilen bilelikde gurmak barada şertnamany baglaşmaga ygtyýar berýän resminama gol...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 50-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, Singapurdan we Maltadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini satyn aldylar. BAE-den we Owganystandan gelen işewürler “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy, Ukrainanyň...

2014