Türkmenistanda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi. 9-njy maýda irden «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň etegine türkmenistanlylar gül desselerini goýdular. «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň «Baky şöhrat» ýadygärliginiň etegine Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gül sebedi goýuldy. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, zähmetkeş toparlarynyň wekilleri,...