Habarlaryň arhiwi (2019-8-19)

Tatarystanyň kärhanalary Türkmenistan bilen awtomobilleri suwuklandyrylan gaza geçirmek tejribesini paýlaşar

Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Senagat we söwda ministrligine suwuklandyryaln tebigy gazy (STG) ilerletmek boýunça Türkmenistana ýardam etmekligi tabşyrdy. Bu barada Kazan Kremliniň resmi wekili Liliýa Galimowa gürrüň berdi, diýip «Tatar-inform» habar berýär. «Biziň senagat kärhanalarymyzyň hereket edip biljek Türkmenistanyň administratiw merkezleriniň birinde suwuklandyrylan tebigy gazy motor ýangyjy hökmünde ulanmagy öwrenmek boýunça başlangyç taslamany işläp düzmek...

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň I HYF gatnaşygynyň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurduň ýangyç-energetika toplumynyň birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmagynyň netijeleri jemlendi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow bu barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisinde «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, Gyýanlynyň polimer zawody...

2014