Habarlaryň arhiwi (2019-8-30)

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri HYF-nyň jemlerini we GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygyna taýýarlygy maslahatlaşdylar

Penşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Ö.Meredow Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrow bilen telefon arkaly gepleşikde oktýabrda Aşgabatda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine görülýän taýýarlyklar dogrusynda pikir alyşdylar. Şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 11-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi ýurdumyzyň şu ýylda Arkalaşyga başlyklyk...

«ARETI-niň» ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň eksperti-hünärmeni wezipesine bellenildi

Penşenbe güni Gurbanguly Berdimuhamedow «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýewi kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda holding tarapyndan amala aşyrylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, nebitgaz ulgamynda we beýleki ugurlarda täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz...

2014