Habarlaryň arhiwi (2019-1-30)

Türkmenistanda ýol gurluşygy sebit we şäher häkimlikleriniň üstüne ýüklenildi

Türkmenistanda awtomobil ýollaryny gurmak, durkuny täzelemek, abatlamak we saklamak boýunça işler welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň üstüne ýüklenilýär. Degişli resminama Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni geçiren sanly wideoaragatnaşyk boýunça hökümet mejlisinde gol çekdi. Degişli çözgüde laýyklykda, «Türkmenawtoýollary» döwlet konsernini Gurluşyk we binagärlik ministrligine birleşdirildi. Gurluşyk we binagärlik ministrliginde bolsa Ýollaryň gurluşygy we ulanylyşy müdirligi döredilýär. Ol...

Hazar deňzi «Hazar bäşliginiň» jogapkärçilik zolagy bolmagynda galmaly — Lawrow

Hazarýaka sebiti bu ýerde bolup geçýän zatlaryň ählisine «Hazar bäşliginiň» — Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Eýranyň we Türkmenistanyň jogapkärçilik çekýän zolagy bolmagynda galmaly, diýip RF-iň DIM-niň ýolbaşçysy Sergeý Lawrow belledi. Hazar sebitinde hazarýaka döwletleriniň ählisiniň arasynda doly derejeli hyzmatdaşlyk ösdürilýär, diýip S.Lawrow Astrahan welaýatynyň gubernatorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Sergeý Morozow bilen geçiren duşuşygynyň barşynda belledi. Bu...

2014