Habarlaryň arhiwi (2018-9-17)

Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde iri karbamid toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Garabogaz şäherinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda iri senagat desgasynyň - “Garabogazkarbamid” zawodynyň açylyş dabarasy boldy, bu desga ýurdumyzyň himiýa senagatynyň önümçilik düzümleriniň üstüni ýetirdi. Häzirki zaman kärhanasynda iň täze dünýä tehnologiýalary ulanyldy. Daniýanyň “Haldor Topsoe” kompaniýasynyň işläp taýýarlan tehnologiýalary her gije-gündizde 2 müň tonna, ýylda 660 müň tonna ammiagy öndürmäge mümkinçilik berýär, ol garyşdyrylan gaty azot...

Nebit ujypsyz arzanlaýar: «Brent» - $78, «WTI» - $68,72

17-nji sentýabrda nebitiň dünýä boýunça bahalary ujypsyz arzanlaýar. Moskwa wagty bilen 7:36-da «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,12 göterim pese düşüp, 78 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,07 göterim aşaklap, 68,72 amerikan dollaryna barabar boldy. Söwda gatnaşyjylar Baker Hughes amerikan nebitgaz hyzmat kompaniýasynyň anna günündäki maglumatlaryna, GE Company (BHGE) kompaniýasynyň...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-si hasaba alyndy.  Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjy, polipropilen, az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasyndan, BAE-den, Türkiýeden, Serbiýadan, Owganystandan, Ukrainadan,...

Akhan diýen bedew — Ginnesiň rekordlar kitabynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Akhan diýen bedewi Ginnesiň rekordlar Kitabyna girizilendi. Şeýdip, atyň üýtgeşik ukyby resmi taýdan bellige alyndy — oňa iki aýagynyň üstünde çarpaýa galyp, 10 metri bary-ýogy 4,19 sekuntda geçmek başartdy. Bedewiň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigi hakyndaky şahadatnamany gowşurmak dabarasy şenbe güni Türkmenbaşy şäherinde boldy. Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi wekili hem-de emin Şeýda...

«Awazada» «Amul - Hazar 2018» halkara awtorallisiniň ýeňijilerine baýrak gowşurmak dabarasy boldy

Geçen şenbe güni «Amul - Hazar 2018» halkara awtorallisi üstünlikli tamamlandy. Şol gün agşam «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda awtomobil sportunyň ýyl ýazgysyna giren hem-de Türkmenistanyň geljekde hem sporty dünýä derejesinde ösdürmäge ýardam etmekde aýgytlylygynyň aýdyň subutnamasyna öwrülen awtomobil ýaryşyna gatnaşyjylaryň duşuşygynyň dabaraly çäresi geçirildi. Taryhy Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçirilen “Amul — Hazar 2018” awtomobil...

2014