Habarlaryň arhiwi ()

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna ABŞ-dan, BAE-den, Türkiýeden, Şotlandiýadan, Owganystandan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny we nebit ýol bitumyny satyn aldylar. Birleşen Arap Emirliklerinden we Beýik Britaniýadan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel...

OPEC+ ABŞ-nyň slanesli «altyn asyrynyň» ahyrlamagyny nygtaýar

ABŞ-da 2020-nji ýylda slanesli nebitiň çykarylyşynyň depgini haýallar. OPEC+ ýurtlarynyň ministrleriniň bu hili tassyklamasy duşenbe güni Bloomberg agentligi tarapyndan çap edilen materialda getirilýär, diýip TASS belleýär. Onuň çeşmeleriniň garaýşyna görä, şu hepdede geçiriljek OPEC+ ministrler geňeşine gatnaşyjylar «nebitiň çykarylyşynyň şu wagtky derejesini peseltmek däl-de, ýokarlandyrmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşarlar», «Munuň sebäbi näme? Olaryň pikirine görä, ABŞ-da nebitiň çykarylyşynyň...

Uzynada meýdançasynda gözleg-barlag işleri dowam edýär

Türkmenistanyň günbatarynda täze nebit we gaz känleriniň gözleg we barlag işleri dowam edýär. Günorta Uzynada meýdançasynda «Türkmennebit» DK-nyň nebitçileri bilen birlikde «Türkmengeologiýa» DK-nyň hünärmenleri bilen gözleg-barlag işlerini alyp barýarlar. Häzirki wagtda bu ýerde taslama çuňlugy 6500 m bolan barlag guýusyny gurmaga taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Seýsmiki barlaglaryň netijesinde ýüze çykarylan meýdança düýpli buraw işlerine taýýar edildi. Käniň...

Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy türkmen ýangyç-energetika önümleriniň hasabyna artýar

Türkmenistanyň we Russiýanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary ösüşiniň täze derejesine çykdy. Şu ýylyň 9 aýynda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 80 göterim ýokarlandy. Russiýaly işewür toparlarda we telekeçilerde ýurdumyzyň polietilen we polipropilen önümleri uly gyzyklanma döretdi. Russiýanyň Federal gümrük gullugynyň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistandan import edilýän harytlaryň sanawynda plastmass önümleri birinji ýerde...

Nebitgaz senagaty: hünärmenler hünär derejesini ýokarlandyrýarlar

Nebitgaz toplumynyň ösdürilmegi ýurdumyz üçin strategik taýdan möhüm bolup durýar. hünärmenleriň we ýolbaşçylaryň bilim derejesine ýokary talaplar bildirilýär. Känleri işläp taýýarlamakda, önümçilikde we nebitgazy çykarmakda işlemeklik bolsa, professional taýdan ösmäge köpsanly mümkinçilikleri açýar. Marynyň nebit we gaz orta-ýöriteleşdirilen mekdebi dürli ugurlar boýunça hünär derejesini ýokarlandyrmak we hünär taýdan gaýtadan taýýarlamak boýunça okuw sapaklaryny geçirýär. Okuw ugurlary...

2020-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujeti tassyklanyldy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Resminama laýyklykda, girdejiler boýunça 84 391,7 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 84 291,7 mln. manat möçberde tassyklanyldy. Şeýlelikde, býujetiň girdejileri çykdajylardan 100 mln manat artykdyr. Kanuna laýyklykda, zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan...

Türkmenistanyň we RF-iň DIM-leri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilen syýasy geňeşmelerde GDA-nyň, halkara guramalaryň çäklerindäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji we 75-nji sessiýalarynyň gün tertibine degişli meseleler, şeýle-de daşary syýasaty meýilleşdirmek meseleleri maslahatlaşyldy, diýip Türkmenistanyň DIM-niň saýtynyň habar berýär. Geňeşmeleriň önümçilikli häsiýetini belläp, gatnaşyjylar Türkmenistanyň 2019-njy...

Russiýa Hytaýa köp mukdarda turba geçiriji gazyny iberýän ikinji döwlet boldy

2-nji dekabrda «Gazprom» «gündogar» ugur boýunça Hytaýa tebigy gaz iberip başlady. «Sila Sibiri» turba geçirijisi boýunça HHR-e «mawy ýangyjy» iberip başlamaga RF-iň Prezidenti Wladimir Putin we HHR-iň baştutany Si Szinpin teleköpri arkaly badalga berdiler. «Gazprom» we CNPC hytaý kompaniýasy «Sila Sibiri» gaz geçirijisi boýunça russiýa gazyny 30 ýyl möhlet bilen almak-satmak boýunça şertnama 2014-nji ýylyň maýyn...

Pakistan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny tizleşdirmek boýunça çäreleri geçirýär

Pakistanyň energetika ministrligi Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça işleri tizleşdirmek boýunça degişli çäreleri durmuşa geçirýär. Bu barada Pakistanyň ykdysadyýet federal ministri Hammad Azhar Türkmensitanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow bilen geçen hepdede geçiren duşuşygynda belledi. Bu barada pakistan HBS-leri habar berýär. Pakistan tarapynyň baha bermegine görä, türkmen energiýa serişdeleriniň eksporty...

Türkmen wekiliýeti «EKSPO – 2020¬» halkara sergisine gatnaşyjylaryň duşuşygyna gatnaşdy

29-30-njy noýabrda BAE-niň Dubaý şäherinde Afrika, Ýakyn Gündogar we Günorta Aziýa sebitlerinde ilkinji gezek geçiriljek EKSPO-2020 halkara sergisine gatnaşyjylaryň dördünji duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär. Türkmenistandan bu çärä Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Çäräniň çäklerinde türkmen wekiliýeti EKSPO-2020 Ýerine ýetiriji direktory Najib Mohammed Al-Ali bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Gonkongdan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy, Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen işewür toparyň wekilleri bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Şeýle...

Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletlerini Owganystany sebit taslamalaryna işjeň çekmäge çagyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Owganystanda ylalaşdyrmak işlerine goldaw bermek boýunça bilelikdäki işleriň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny belledi. «Men Türkmenistanyň bu babatda garaýşyny tassyklaýaryn, ol barada biz ozal hem ençeme gezek beýan edipdik. Bitarap döwlet we ýakyn goňşy hökmünde biziň ýurdumyz Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly, syýasy usul arkaly kadalaşdyrmaga gyzyklanma bildirýän...

Daşkentde türkmen-özbek ykdysady hyzmatdaşlygynyň ugurlary kesgitlenildi

Daşkentde geçirilen gepleşikleriň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Häzirki döwürde Owganystanyň durmuş-ykdysady düzüminiň dikeldilmegi, ýurduň sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna gönükdirilen ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagy zerur bolup durýar. Şundan ugur almak bilen, Türkmenistan Owganystan Yslam Respublikasynyň gatnaşmagynda energetika, ulag, aragatnaşyk ugurlary boýunça iri düzümleýin...

Daşkentde ýokary derejede türkmen-özbek gepleşikleri başlandy

Daşkentde «Kuksaroý» döwlet kabulhanasynda iki günlük iş sapary bilen Özbegistana gelen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler başlandy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda döwletara gatnaşyklary syýasy, söwda-ykdysady, ynsanperwer ugurlary öz içine almak bilen, sazlaşykly ösdürilýär. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň syýasy geňeşmeleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň derejesindäki gatnaşyklary geçirmäge mümkinçilik berýän...

«Daşoguzşähergaz» gaz enjamlarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün edýär

«Daşoguzşähergaz» hojalyk kärhanasynyň işgärleri gyş möwsümine taýýarlyk işleri däp bolşy ýaly ýazda, ýagny geçenki ýyladyş möwsümi tamamlanan badyna başlaýarlar. Bu ugurda giň möçberli işler amal edildi. Ýerasty gaz geçirijileriniň, gaz paýlaýjy nokatlaryň anyklaýyş barlaglary geçirildi, gaz torlarynyň, gaz paýlaýjy nokatlaryň we paýlaýjy şkaflaryň nobatdaky we düýpli abatlaýyş işleri geçirildi, ulanyş möhleti dolan GPB-ler çalşyryldy. Bu günki...

2014