Habarlaryň arhiwi ()

Türkmenistan we ÝHHG energiýa serişdeleriniň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça gepleşikleri işjeňleşdirmäge taýýar

Türkmenistanyň we ÝHHG-niň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläkki ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda energetika, ykdysady we ulag-aragatnaşyk ulgamlary görkezildi. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Iwo Petrowyň arasynda 10-njy maýda Aşgabatda geçirilen duşuşykda bellenilip geçildi. Iwo Petrow Türkmenistanda öz işini tamamlaýar. Türkmenistanyň energiýa serişdelerini geljegi uly halkara bazarlaryna çykarmakda eksport ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly...

2016-njy ýylyň ýanwar-aprel aýlary boýunça ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň işiniň netijeleri maslahatlaşyldy

8-nji maýda Türkmenistanyň Nebit-Gaz toplumynyň Merkezi binasynda nebit-gaz pudagynyň edaralarynyň we kärhanalarynyň şu ýylyň ýanwar-aprel aýlary boýunça önümçilik işleriniň, ykdysady ýagdaýynyň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi, şeýle hem «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň» çäklerinde ýakyn wagtda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän möhüm ähmiýetli taslamalary amala aşyrmagyň ugurlary kesgitlenildi. Maslahata Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary,...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlaýyn ýagy, Owganystandan, şeýleh em BAE-den gelen işewürler bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda işlenip taýýarlanylan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Tehniki ýod (“Türkmenhimiýa” DK) Gyrgyzystanyň işewürler toparlarynyň wekilleriniň geleşiginiň...

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijeleri jemlendi

6-njy maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda şu ýylyň dört aýynda milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň netijeleri jemlenildi. Habar berlişi ýaly, jemi içerki önümiň ösüş depgini 106,3 göterim üpjün edildi, şol sanda bu görkeziji senagat pudagynda 102,4 göterime, gurluşykda 105,6 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 110,1 göterime, söwdada 116,7 göterime, oba hojalygynda 106...

Jürji meýdançasyndan tebigy gazyň senagat akymy alyndy

Türkmenistanyň günorta-gündogarynda, Mary welaýatynyň çäklerinde ýerleşýän geljegi uly Jürji täze meýdançasynda «Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» müdirliginiň işgärleriniň burawlan ilkinji guýusyndan senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy. «Mawy ýangyjyň» kuwwatly senagat akymy 4600 metrden gowrak çuňlukdaky oksford ýaşly ýokarky ýuradan galan karbonat galyndylaryndan alyndy. Ilkinji obýektlerde geçirilen barlaglaryň netijesinde guýynyň gündelik debiti 20 mm diametrli ştuserde 600 müň...

«TOPH taslamasyny durmuşa geçirmekde bäsdeşlik barada däl-de, özara bähbitli hyzmatdaşlyk barada gürrüň etmeli» — bilermen tassyklaýar

Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmekligiň çäklerinde käbir döwletleriň HBS-lerinde sebitde esasy öndürijiler — aziýa bazarynda gazy eksport edijileriň arasynda bäsdeşligiň bardygy hakynda doly esaslandyrylmadyk materiallar ýüze çykyp ugrady. Şol bir wagtyň özünde, TOPH taslamasyna gatnaşyjy ýurtlaryň, şeýle hem, Hytaýyň we tebigy gazy beýleki iri sarp edijileriň bu çig mala bolan islegi baradaky görkezijiler...

Türkmenistan we YÖB ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

Saud Arabystanyna resmi saparynyň jemleýji gününde, 3-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) prezidenti doktor Ahmad Mohamed Ali Al-Madani bilen gepleşikleri geçirdi we olaryň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Şolaryň arasynda — Geljekki ösüş taslamalaryny maliýeleşdirmäge gatnaşmak boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Yslam ösüş bankynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky...

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň işewürlerine TOPH taslamasyna gatnaşmagyň üç ugruny teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna resmi saparynyň çäklerinde bu ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri we maliýe edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň Saud Arabystanynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy 2-nji maýda Er-Riýad şäherindäki Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda bolup geçdi. Bu ýerde Türkmenistanyň Hökümet wekilýetiniň resmi sapary mynasybetli türkmen önümleriniň sergisi gurnaldy. Gurbanguly Berdimuhamedow öz...

Türkmenistan Saud Arabystanyny TOPH we ýangyç-energetika toplumyndaky beýleki taslamalary durmuşa geçirmeklige gatnaşmaga çagyrdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 1-3-nji maý aralygynda Saud Arabystany Patyşalygyna resmi saparynyň çäklerinde geçirilen gepleşiklerde Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň arasynda energetika ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmeklik ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan iki döwletiň arasynda energetika ulgamynda ysnyşykly gatnaşyklary ösdürmegiň maksadalaýyklygy hakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Saud Arabystanynyň...

TOPH taslamasynyň gurluşygynda iň häzirki zaman tehnologiýalar we enjamlar peýdalanylýar

«Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan» (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynda iň häzirki zaman tehnologiýalaryň we enjamlaryň peýdalanylmagy gurluşykçylara  möhüm ähmiýetli bu halkara infrastruktura taslamasyny durmuşa geçirmek işlerini ýokary hilli we ýokary depginlerde alyp barmaga ýardam edýär. «Türkmennebitgazgurluşyk» Döwlet konserniniň «Marynebitgazgurluşyk» trestiniň №5 gurluşyk-gurnama müdirliginiň gurluşykçy brigadalary ýedi kilometrden gowrak uzynlykda turbalary sepleşdirip, gaz geçirijiniň türkmen böleginde işleriň uly göwrümini gysga...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Türkiýäniň, BAE-niň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “B” kysymly karbamidi (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna nah ýüplük...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

29-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere, şeýle hem möhüm resminamalaryň birnäçesine garaldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we pudaklarda ýerine ýetirilýän işleriň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça...

Importa derek — ýerli polipropilen

Aşgabat şäheriniň Ruhabat etrabynda ýerleşýän polietilen, polipropilen, aýnasüýüm turbalaryny öndürýän zawod ýerli çig mal serişdelerinden önümleri öndürmekligi ýola goýdy. Täze önümi öndürmek üçin Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda çykarylan polipropilen peýdalanyldy. Aşgabatlylar importyň ornuny tutujy bu çig mal serişdesinden köp mukdarda 10 litrlik plastmas bedreleriniň, ösümlikler üçin golçalaryň we dürli ölçegdäki güldanlaryň, elektrotehniki önümleriň, suw akdyrmak...

TOPH gaz geçirijisiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Owganystanda ähli zerur çäreler görülýär

Owganystanyň halky Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasyny doly goldaýar we owgan Hökümeti bu turba geçirijini gurmakda howpsuzlygy üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreleri görýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, bu barada Owganystanyň günbatarynda ýerleşýän Hyrat welaýatynyň adybir Hyrat şäheriniň administratiw merkezinde geçirilen «Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz geçirijisiniň amala aşyrylmagynyň ähmiýeti» atly halkara maslahatynda...

Aşgabat we Brýussel energetika babatda hyzmatdaşlygy ösdürmekligiň meselelerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Ýewropa Geňeşiniň Energetika boýunça direktoratynyň ýolbaşçysynyň orunbasary jenap Kristofer Jonsyň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa Birleşiginiň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň we ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikirler alşyldy. Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Ýewropa Birleşiginiň ýurtlary bilen özara gatnaşyklary geljekde ösdürmäge ygrarlylygyny belläp, taraplar...

2014