Habarlaryň arhiwi ()

Wenada türkmen-awstriýa ykdysady geňeşiniň mejlisinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşylar

Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagynda Wenada geçiriljek Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 10-njy mejlisiniň çäklerinde 14-nji iýunda ykdysady geňeşiň geçirilmegi meýilleşdirilýär, diýip ORIENT habarlar agentligi habar berýär. Geňeşiň işine nebitgaz, energetika we senagat, oba hojalyk, saglygy goraýyş, logistika, bilim we beýleki ugurlarda ulgamlarynda iş alyp barýan iri awstriýa kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşar. Olaryň hatarynda — «Energo engineering and Research group GmbH», «Sonnek...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Gazagystandan, Özbegistandan we Owganystandan gelen telekeçiler Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykly polietileni satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýadan, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Özbegistandan we Gyrgyzystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna reňksiz aýnany, nah ýüplügi, pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3...

Ýanwar-maý aýlarynda nebitgaz toplumynyň kärhanalary meýilnamalaýyn borçnamalaryny berjaý etdiler

Geçen penşenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde wise-premýer M.Meredow 2019-njy ýylyň geçen bäş aýynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda ýerine ýetirilen işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Hususan-da, bellenilişi ýaly, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 104,2 göterim, nebiti gaýtadan işlemek boýunça meýilnama 103,8 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 101,1 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 103,6...

Bäş aýyň jemi boýunça Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 6,2 göterim möçberde saklanýar

Milli ykdysadyýetimiz ösüş depgininiň durnukly saklanýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň geçen bäş aýynyň netijelerine garalyp geçilen hökümet mejlisiniň barşynda belläp geçdi. Kabul edilen ähli ýaşaýyş-durmuş maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Ozalkysy ýaly, jemi içerki önümiň ösüşi ýokary derejede, ýagny 6,2 göterim möçberde saklanyp galýar, diýip Prezident belledi. Garalýan döwürde ýurdumyzda öndürilen önümleriň degişli döwürde...

Türkmenistanyň hökümet derejesindäki wekiliýeti Peterburg Halkara ykdysady forumyna gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Türkmenistanyň wekiliýeti halkara ykdysady Forumyna gatnaşmak maksady bilen Sankt-Peterburg şäherine geldi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär. Wekiliýet forumyň plenar mejlisine gatnaşar, şeýle hem Türkmenistanyň beýleki döwletler hem-de halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirer. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň ýakynda...

Brýusselde Ýewropa Bileleşiginiň Hazar we Merkezi Aziýa sebitinde maýa goýum mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

5-nji iýunda Brýussel şäherinde Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçihanasy Aziýa ylmy-gözlegleri boýunça Ýewropa instituty bilen bilelikde 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanyp, “Birinji Hazar ykdysady forumy: Hazar we Merkezi Aziýa sebitinde Ýewropa Bileleşigi üçin maýa goýum mümkinçilikleri” atly tegelek stoluň başyndaky duşuşygy geçirildi. Tegelek stoluň başyndaky duşuşyga Energetika Hartiýasynyň...

Mahaçkala portundan türkmen nebiti üstaşyr geçirilýär

2019-njy ýylda Hazardaky Mahaçkala deňiz söwda portundan bir ýarym million tonnadan gowrak türkmen nebiti iberildi. Şol bir wagtda, geçen ýylda geçen ýylda Mahaçkala portundan nebitiň iberilmegi iki esse ýokarlandy we iki million tonnadan geçdi. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Murad Hidirow habar beriş serişdelerine aýtdy, diýip ORIENT belleýär....

«Messe Frankfurt» Türkmenistana daşary ýurtly hyzmatdaşlary çekmäge ýardam eder

«Messe Frankfurt» — halkara sergilerini gurnaýjy iri konsern Aşgabatda resmi wekilligini açdy. Bu kompaniýa ştab-kwartirasynynyň ýerleşýän ýeri bolan Maýn boýundaky Frankfurtda her ýylda 150-den gowrak söwda ýarmarkalaryny gurnaýar, şeýle hem Berlinde we dünýäniň beýleki şäherlerinde sergileri geçirýär, diýip ORIENT agentligi habar berýär. Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Margaret Ýubberiň belleýşi ýaly, meşhur Frankfurt ýarmarkasynyň wekilliginiň Aşgabatda...

Türkmenistanyň Prezidenti: Oraza baýramy haýyr-sahawatlylygy, jebisligimizi dabaralandyrýar

Oraza baýramy dünýäniň ençeme halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklary, däp-dessurlary, ynanç-adatlary, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik ýörelgeleri bilen baýlaşdyrylyp hem-de kämilleşdirilip gelinýän ajaýyp baýramlaryň biridir, diýlip Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Oraza baýramy mynasybetli türkmen halkyna Gutlagynda bellenilýär. «Garaşsyz ýurdumyzyň ösüşleriň we rowaçlyklaryň ýoly bilen ynamly öňe barýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip, kämil derejä...

Gruziýada Birinji Hazar ykdysady forumuna bagyşlanan «Tegelek stol geçirildi

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy 2019-njy ýylyň 30-njy maýynda şu ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäheriniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän birinji Hazar ykdysady forumuna bagyşlanan tegelek stol geçirdi, diýip ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär. Bu çärä Gruziýanyň dürli ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, BAE-den, Şweýsariýadan, Türkiýeden, Singapurdan, Estoniýadan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, uçarkerosinini, nebit koksuny satyn aldylar. Şeýle hem Birleşen Arap Emirliklerinden gelen täjirler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň M-100...

Türkmen gazy «Demirgazyk akymy – 2» üçin garaşsyz çeşme — bilermen

Türkmenistanyň tebigy gazy «Demirgazyk akymy – 2» gaz geçirijisini garaşsyz çeşmelerden gaz bilen doldurmak üçin iň gowy usuldyr. Bu barada russiýaly bloger Dmitriý Werhoturow Sputnik Gazagystan saýtynda ýerleşdirilen «Russiýa we Türkmenistan gaz gatnaşyklaryny gaýtadan dikeldýär — bu hemmeler üçin bähbitlidir» diýen materialynda belleýär. Makalanyň awtorynyň bilermen Waleriý Çumakine salgylanyp belleýşi ýaly, ÝB-niň Geňeşi şu ýylyň 15-nji...

Türkmenistanyň Prezidenti we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygy strategik hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedew bilen duşuşyk geçirdi. Ir bilen, GDA ýurtlarynyň hökümet Baştutanlarynyň sammitiniň başlanmazynyň öňüsyrasynda, Gurbanguly Berdimuhamedow wagtyň geçmegi bilen gymmatlyga öwrülen GAZ-21 kysymly «Wolga» awtoulagyna erk edip, belent mertebeli myhmanyň sapary mahalynda kabulhanasynyň ýerleşen ýeri...

GDA döwletlerine geoykdysady mümkinçiliklerinden doly derejede peýdalanmak zerurdyr — Türkmenistanyň Prezidenti

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy häzirki wagtda täze syýasy we ykdysady şertlerde öz işlerini amala aşyrýar, diýip Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde eden çykyşynda belledi. — Biziň ýurtlarymyz geografik taýdan birleşendir, umumy taryhy tejribä eýedir, şolary köpugurly ynsanperwer gatnaşyklar birleşdirýär we biz üýtgäp durýan häzirki zaman şertlerinde öz mynasyp ornumyzy eýelemelidiris. Şol...

Türkmenistanyň Prezidenti GDA döwletlerini sebit energetika taslamalaryna gatnaşmaga çagyrdy

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňişleýin düzümde geçirilen mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Arkalaşygyň döwletleriniň energetika ulgamynda köptaraply taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagynyň wajypdygyny belledi. Gürrüň, ilkinji nobatda, GDA bilen gündogar we günorta ugurlarda serhetdeş sebitler bolan Hytaýa, Owganystana, Pakistana, Hindistana energiýa serişdelerini uzakmöhletleýin ibermek barada barýar. Arkalaşygyň birnäçe ýurtlary Ýewraziýada iň iri uglewodorod serişdelerini öndürijileriň we...

2014