Habarlaryň arhiwi ()

Nebitçiler buraw möçberlerini artdyrýarlar

«Türkmennebit» konserni Balkanabatda we tutuş ýurtda birnäçe periferiýa kärhanalaryny düzümine alýar. Şeýle kärhanalaryň biri hem «Nebitgazburawlaýyş» trestidir. Trestiň işgärleriniň känlerde geçirýän serwis tehniki hyzmatynyň netijesinde hereket edýän guýularyň ulanyş möhleti artdyrylýar we olaryň gündelik debiti ýokarlanýar. Şu ýylyň geçen 7 aýynda «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň işgärleri tarapyndan geçilen dag jynslarynyň çuňlugy 15 müň 245 metre barabar boldy. Şolardan...

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisinde Türkmenistanyň energiýa geçirijileri ulgamynda täze başlangyç bilen çykyş eder

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 17-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda açyljak Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlaryny neşir etdi. Bu ugurlar Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu gezekki mejlisiniň çäklerinde esasy iş ugurlaryny kesgitlär. Ileri tutulýan ugurlar özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygynyň has möhüm ugurlaryny öz içine alýar. Baş Assambleýanyň 74-nji mejlisinde Aşgabadyň çykyş etjek başlangyçlarynyň...

Türkmen-singapur gepleşikleriniň netijeleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Singapur Respublikasynyň Premýer-ministriniň duşuşygy tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Hususan-da, Diplomatik, gulluk ýa-da resmi pasportlaryň eýeleri üçin wiza talaplaryny özara ýatyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Singapur Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga çekildi. Girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak we salgytlary tölemekden boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak...

Türkmenistanyň Prezidenti we Singapuryň Premýer-ministri döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

Biz Singapur bilen berk gatnaşyklary ýola goýmak bilen, Siziň ýurduňyzyň söwda-ykdysady ulgamda hem Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri boljakdygyna umyt baglaýarys diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Singapuryň Premýer-ministri Li Sýan Lun bilen geçiren gepleşiklerinde belledi. Biz Türkmenistanda singapur kompaniýalarynyň alyp barýan işleriniň gerimini giňeltmegini goldarys. Şunuň bilen birlikde, biz ýokary tehnologiýaly ugurlara üns bermegi maksat edinýäris. Bu babatda...

Türkmenistanyň we Singapuryň Prezidentleri uzak möhletleýin esasda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlylygy tassykladylar

Türkmen-singapur hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Singapur döwletiniň Baştutany Halima Ýakobyň arasynda «Istana» köşgünde geçirilen gepleşiklerde maslahatlaşyldy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ilkinji döwlet saparynyň ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge we ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Özara ynanyşmak hem-de netijeli ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda türkmen-singapur hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, häzirki...

Gurbanguly Berdimuhamedow Singapuryň iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Biz Singapur bilen berk gatnaşyklary ýola goýmak bilen, söwda-ykdysady ulgamda hem Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri boljakdygyna umyt baglaýarys diýip, bu döwlete ilkinji döwlet sapary bilen gelen Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, geçen ýylda iki ýurduň arasynda özara haryt dolanyşygynyň möçberi 102,8 mln amerikan dollaryna barabar boldy. 2019-njy ýylyň 1-nji iýulyna çenli ýagdaýa görä,...

Singapurda işewürler maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 26-27-nji awgustda Singapura döwlet saparynyň çäklerinde türkmen-singapur işewürler maslahatynyň açylyşy boldy. Oňa Singapuryň 40-dan gowrak iri kompaniýalarynyň wekilleri, nebitgaz, himiýa, energetika, oba hojalygy we azyk senagaty, gurluşyk senagaty, ulag we aragatnaşyk ulgamy, gämi gurluşygy, söwda, bank işi, programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak we beýleki ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen kompaniýalary gatnaşdylar. Singapuryň Işewürler...

«GP Global Equipment Pte. Ltd» Merkezi Garagumda gaz känlerinde gazy gysyjy desgany gurar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 26 — 27-nji awgustda Singapur Respublikasyna boljak döwlet saparynyň öňüsyrasynda «Türkmengaz» döwlet konsernine «Merkezi Garagum» gazkondensat känler toplumynyň «Zäkli — Derweze» gaz arassalaýjy desgasynda ýyllyk kuwwaty 2 milliard kub metr bolan gazy gysyjy desganyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada Singapur Respublikasynyň «GP Global Equipment Pte Ltd» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga...

Seýdiniň NGIZ-de nebit önümleriniň eksportundan alynýan girdeji artýar

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody Türkmenistanyň öňdebaryjy kärhanalarynyň arasynda mynasyp orny eýeleýär. 2019-njy ýylyň 7 aýynda 324,6 müň tonna çig mal gaýtadan işlenildi. Meýilnama 116 göterim. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 106 göterim. Şeýle hem kärhanada dizel ýangyjyny öndürmek boýunça meýilnama üstünlikli durmuşa geçirildi. Önümçilik 450 tonna barabar boldy. Zawodda degişli hil ülňülerine laýyk...

Türkmenistanda ýakynda döredilen Hazar deňzi institutynyň direktory bellenildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Myrat Atajanow Hazar deňzi institutynyň direktory wezipesine bellenildi. Degişli resminama Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda geçirilen hökümet mejlisinde gol çekdi. Hazar deňzi institutyny 2019-njy ýylyň 9-njy awgustynda döwlet Baştutanynyň Permany bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň binýadynda binýadynda döredildi. Hazar deňzi institutynyň işine gözegçilik etmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň,...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we uçar kerosinini, Türkiýäniň işewür toparynyň wekilleri bolsa ownuk däneli hlorly kaliýni (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna reňksiz list aýna, portlandsement, nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan...

Gaz torlarynyň güýz-gyş möwsümine taýýarlygy başlandy

«Marygazüpjünçilik» müdirliginiň «Serhetabatetrapgaz» düzüm bölüminiň işgärleri etrabyň çäklerinde gaz geçirijileri we gaz enjamlaryny güýz-gyş möwsümine taýýarlamak boýunça giň möçberli işleri alyp barýarlar. Ygtybarly gaz üpjünçiligini doly derejede ýola goýmak üçin desgalarda meýilnamalaýyn arassalaýyş we abatlaýyş işleri ýerine ýetirilýär. Şunda durmuş maksatly desgalaryň, hojalyk-ýaşaýyş jaý ulgamynyň we ilatyň sarp edijileriň gaz bilen üpjünçiligine aýratyn üns berilýär. Şu...

Türkmen nebitinden taýýarlanan iňňe görnüşli koks — geljegi uly önüm — WTL

TNGIZT-niň tehnologik mümkinçilikleri bu ýerde ýokary hilli iňňe görnüşli koksuň girdejili önümçiligini ýola goýmaga esas berýär. «Westport Trading Europe Limited» kompaniýasynyň hünärmenleri muňa berk ynam bildirýärler. Bu kompaniýa türkmen nebitinden iňňe görnüşli koksuň patentlenen önümçiliginiň innowasion tehnologik usulynyň eýesidir. Işlenip düzülen tehnologiýalar dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli iňňe görnüşli koks almaga mümkinçilik berýär. Katalitik tehnologiýalaryny...

Nebitçileriň «Arzuw» sagaldyş merkezi çagalara şatlyk paýlaýar

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy türkmenistanlylaryň iň söýgüli künjegine öwrüldi. Deňiz kenarýakasynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan köp sanly sagaldyş merkezleriniň gurulmagy netijesinde bu ýerde dynç almaga gelýän adamlaryň sany barha artýar. Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Arzuw» çagalar sagaldyş merkezi dynç almaga gelýänleriň iň söýgüli ýerleriniň biridir. Merkez 15 gektar meýdanda ýerleşýär we birbada 900 sany...

Owganystan Türkmenistan bilen iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar — ilçi

Owganystan iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmekde sebitiň döwletleri, hususan-da, doganlyk Türkmenistan bilen işjeň gatnaşyk saklaýar. Bu barada Owganystanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Mirwais Nab Aşgabatdaky owgan ilçihanasynda Owganystanyň garaşsyzlygynyň 100-ýyllygy mynasybetli gurnalan dabaraly kabul edişlikde eden çykyşynda belledi. Owganystany gülläp ösýän döwlete öwürmäge gönükdirilen taslamalaryň hatarynda diplomat TOPH gaz geçirijisiniň, Türkmenistan – Owganystan...

2014