«Türkmennebit» döwlet konserniniň öňdebaryjy bölümleriniň biri hem Balkan welaýatynda ýerleşýän Abatlaýyş-mehaniki zawoddyr. Onuň esasy iş ugry nebitpromysel enjamlary üçin ýokary hilli ätiýaçlyk şaýlaryny öndürmek bolup durýar. Şu ýylyň geçen 8 aýynda döwrebap derejede ösýän bu kärhana ýokary önümçilik görkezijilerini gazanmagy başardy. Tassyklanan meýilnama laýyklykda, ýerine ýetirilen işlerden özleşdirilen pul möçberi her aýda 600 müň manada deň...