Habarlaryň arhiwi (2019-9-23)

Türkmenistanyň Prezidenti Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky känleri özleşdirmek işini işjeňleşdirmegi tabşyrdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň geçen anna güni geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşynyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň möhüm meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň Nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew ýurdumyzyň ýangyç-energetika ulgamynda durmuşa geçirilýän birnäçe taslamalar, şeýle hem geçen sekiz aýda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň alyp barýan işleriniň netijeleri hem-de bu...

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara gutlag iberdi

Taryh üçin uly bolmadyk bu döwürde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeler, giň möçberli işler amala aşyrylyp, belent sepgitlere ýetildi – diýlip Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 28 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergisine gatnaşyjylara iberen gutlagynda bellenilýär. Häzirki döwürde eziz Diýarymyz ösen tehnologiýalara, innowasiýalara esaslanýan, ýokary depginler bilen ösýän, döwletli tutumlaryň dabaralanýan...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 64-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Singapurdan, Owganystandan, Maltadan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen göni arassalanan benzini we suwuklandyrylan gazy, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda çykarylan awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary...

2014