Habarlaryň arhiwi (2019-9-16)

Üstümizdäki ýylyň sekiz aýynyň netijelerine garaldy

Öňňin Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda toplumyň düzümine girýän konsernlerde, korporasiýada we edara-kärhanalarda “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylynyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanan hasabat ýygnagy boldy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M. Meredow hasabat ýygnagyny açmak bilen, 13-njy sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde soňky döwürde ýol berlen käbir nogsanlyklar hakynda durlup geçilendigini, olaryň...

TNGIZT-niň nebit önümleriniň bikanun söwdasy üçin adamlaryň jenaýatçylykly topary jogapkärçilige çekildi

Geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Baş prokurory B.Atdaýew geçirilen barlaglaryň netijesinde ýüze çykarylan parahorluk we aşa köp möçberde korrupsiýa ýagdaýlarynyň ýüze çykarylandygy hakynda hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, telekeçi Ç.Kulow, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň birža söwdasyny guraýjy bölüminiň başlygy wezipesinde işlän B.Aýdogdyýewiň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory wezipesinde işlän Ý.Muhammetmyradowyň,...

Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň nebitgaz pudagyny ösdürmegiň ilkinji nobatdaky wezipelerini kesgitledi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Wise-premýer Myratgeldi Meredow ýanwar-awgust aýlarynda nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň ýerine ýetiren işleri barada hasabat bilen çykyş etdi. Hususan-da, nebiti gaz kondensaty bilen çykarmak, tebigy we ugurdaş gazy gazyp almak, “mawy ýangyjy” eksport etmek...

GDA-nyň Ykdysady geňeşi Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnamasynyň taslamasyny makullady

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň mejlisinde Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnamasynyň taslamasy onuň esasy resminamalarynyň biridir. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew geçen anna güni Aşgabatda geçirilen duşuşyk tamamlanandan soňra metbugat wekilleriniň öňünde eden çykyşynda belledi. — 2017-nji ýylda türkmen tarapy tarapyndan öňe sürlen bu taslama...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýanyň, BAE-niň, Irlandiýanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna reňksiz aýnany we nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 876...

2014