Habarlaryň arhiwi (2019-8-9)

Türkmenistanyň Prezidenti täze binalaryň we Awazany ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdy

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna ugrady. Howa menzilinden Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna tarap ugur aldy we ýolugra bu ajaýyp künjekde dynç almak üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Türkmen Lideriniň tabşyrygyna laýyklykda, bu ýerde dynç alýanlara hödürlenilýän hyzmatlaryň üsti dürli kysymly welosipedleri kärendesine bermek hyzmaty bilen ýetirildi. «Awazanyň» çäklerinde...

Türkmenistanyň Prezidenti we «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalygy kabul etdi. Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutany forumyň guralmagy bilen gutlady hem-de onuň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi. Forum öz ähmiýeti boýunça diňe bir sebit derejeli däl-de, dünýä derejeli taryhy waka bolup...

Türkmenistanyň Prezidenti we «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygy üstünlikli dowam etmäge ynam bildirdiler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi. Ol birinji Hazar ykdysady forumynyň çärelerine gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Duşuşygyň barşynda dürli ulgamlarda, şol sanda nebitgaz ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi barada düýpli pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýeti nygtaldy. Bu forum halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary...

Birinji Hazar ykdysady forumynyň mowzugy — «Maliýe we ykdysadyýet» žurnalynda

«Maliýe we ykdysadyýet» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky, şu ýylda çykan dördünji sany ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlandy. Şunuň bilen baglylykda, neşiriň täze sanynda yklymyň ykdysadyýetinde Hazar sebitiniň ornuny, onuň Ýewraziýadaky geosyýasy ýagdaýlara täsirini güýçlendirmegiň mümkinçiliklerini açyp görkezýän makalalar ýerleşdirildi. Bu babatda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazar ykdysady forumyny yzygiderli geçirmek hakynda...

2014