Ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçen birinji Hazar ykdysady forumy dünýä habar beriş serişdelerinde uly oňyn seslenme döretdi. daşary ýurtlaryň metbugat habarlarynda bu forumyň gün tertibine kenarýaka döwletleriň bäşisiniň hem-de gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlaryň netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge degişli möhüm meseleleriň giň toplumynyň girizilendigi bellenilýär. Britaniýanyň «BBC», «Londonpost», «Energyvoice», «Thisismoney» we beýleki neşirleriň belleýşi ýaly, Hazar deňziniň...