Habarlaryň arhiwi (2019-8-15)

Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleri boýunça birnäçe teklipler kabul edildi

11— 12-nji awgustda Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäherinde geçirilen birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşyjylar «Hazarýaka döwletleriň ykdysadyýetleriniň energetika, senagat, ulag, söwda we beýleki pudaklaryna maýa goýumlaryny çekmegi hem-de innowasiýalary höweslendirmegi» teklip etdiler. Bu teklip Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleri boýunça kabul edilen başlyklygyň Beýannamasynda bellenildi. Resminamada şeýle hem Hazar sebitiniň halkara ykdysady giňişligine mundan beýläk-de işjeň goşulyşmak maksady...

Ýewropa we Hytaý kompaniýalarynyň konsorsiumy Hazarüsti gaz geçirijisini gurmagy meýilleşdirýär

«Edison Technologies GmbH», «MMEC Mannesmann GmbH», «Air Liquide Global E&C Solutions» Ýewropa kompaniýalaryndan we Hytaýyň «SINOPEC Engineering Group» kompaniýasyndan ybarat bolan konsorsium hazarüsti gaz geçirijisini gurmagy meýilleşdirýär. Bu taslamany amala aşyrmaga taýýardygy hakynda konsorsiumyň wekilleriniň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredow we Türkmenistanyň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ýagşygeldi Kakaýew bilen duşuşygynda bellenilip geçildi. Hususan-da, konsorsium...

2014