Habarlaryň arhiwi (2018-10-31)

Aşgabatda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň işgärleri üçin seminar geçirilýär

Şu gün Aşgabatdaky «Arçabil» myhmanhanasynda Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň dünýäde iri nyrh agentlikleriniň biri bolan «Argus Media» britan kompaniýasy bilen bilelikde gurnan «Tebigy gazyň monetizasiýalaşdyrylmagynyň strategiýasy» okuw seminary açyldy. Okuw maslahatynyň açylyş dabarasyna Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisiniň orunbasary Dewid Pert, ilçihananyň işgärleri, «Argus Media» kompaniýasynyň wekilleri we «Türkmengaz» döwlet konserniniň...

Türkmenistanyň wekiliýeti Astanada GDA-nyň çäklerinden hyzmatdaşlyk etmek meselelerini maslahatlaşar

Ykdysadyýet boýunça wise-premýer Goçmyrat Myradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti şu ýylyň 2-nji noýabrynda Gazagystanyň paýtagty Astanada geçiriljek GDA agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşine gatnaşar. Mejlise gatnaşyjylar Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygy, şol sanda ykdysadyýetde, energetikada, durmuş we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleriniň giň toplumyny maslahatlaşarlar. Bu duşuşyga gatnaşmak Türkmenistan üçin möhüm ähmiýete eýedir, çünki 2019-njy ýylda Aşgabat GDA-da başlyklyk eder....

OPEC ýurtlaryndan nebit ibermeleri oktýabr aýynda 2017-nji ýylyň aprelinden bäri iň aşak çäge çenli düşdi

OPEC ýurtlaryndan nebit eksporty oktýabr aýynda günde 0,8 mln barrel aşaklap – günde 24,8 mln barrele ýetdi. Bu görkeziji geçen ýylyň aprelinden bäri iň aşak derejedir, diýip Praým Blumberg agentligine salgylanyp habar berýär. «Ibermeleriň çäklendirilmegi esasan Eýran, şeýle hem Wenesuela we Liwiýa tarapdan boldy» diýip agentlik ýazýar. «Eýranyň nebit eskporty günde 1 mln barrel aşak düşdi we...

2014