Habarlaryň arhiwi (2018-10-10)

Halkara pul gaznasy 2018-2019-njy ýyllarda Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüşini ykrar etdi

Halkara pul gaznasy 2018-2019-njy ýyllarda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerine garanyňda has çalt depginler bilen ösjekdigini belleýär. HPG-niň dünýä ykdysadyýeti boýunça World Economic Outlook oktýabrdaky hasabatyna laýyklykda, Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 2018-nji ýylda 6,2 göterim, 2019-njy ýylda 5,6 göterim bolar. Bu barada Orient habarlar agentligi belleýär. Şol bir wagtda sebitdäki goňşy döwletleriň ykdysadyýetiň...

Biz Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyz diňe energetika ugry bilen çäklenmeýär — RF-iň wise-premýeri

« Türkmenistanyň Prezidenti bilen diýseň dostlukly ýagdaýda geçen duşuşykda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň we ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy». Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary — Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň diwanynyň ýolbaşçysy Konstantin Çuýçenko sişenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşygynda belledi. — Möhüm ugurlar kesgitlenildi, täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Meniň pikirimçe,...

«Gazprom» 2019-njy ýylyň ýanwarynda başlap Türkmenistandan tebigy gazy satyn almaklygy dikeltmegi meýilleşdirýär – Alekseý Miller

«Gazprom» 2019-njy ýylyň ýanwarynda başlap Türkmenistandan tebigy gazy satyn almaklygy dikeltmegi meýilleşdirýär. Bu barada «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Alekseý Miller 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti bilen bolan duşuşykdan soň «Watan» teleýaýlymyna beren interwýusynda belledi. — Ägirt uly gaz ätiýaçlyklaryna eýe bolan Türkmenistan energetika ulgamynda biziň öňden gelýän hyzmatdaşymyzdyr. Häzirki wagtda Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasynda 2028-nji...

2014