Habarlaryň arhiwi (2019-7-8)

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna ABŞ-dan, Panamadan, Şweýsariýadan, BAE-den, Gonkongdan, Türkiýeden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, awtobenzini, dizel ýangyjyny satyn aldylar. Owganystandan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Karbamid (“Türkmenhimiýa” döwlet...

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň öňünde ileri tutulýan wezipeleri kesgitledi

5-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik düzümleriniň işiniň netijeliligini...

2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberleri 10 göterim ýokarlandyrylar

2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanda býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleri 10 göterim ýokarlandyrylar. Degişli Permana Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde gol çekdi. Türkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet haky 870 manat möçberde bellenildi. Zähmet haklaryny ýokarlandyrmagy...

Birinji ýarym ýyllygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 6,2 göterim ösdi

Milli ykdysadyýetimiziň käbir pudaklarynda önüm öndürmek we hyzmatlary etmek boýunça gowy netijeler gazanyldy. Bu bolsa, jemi içerki önümiň ösüşini 6,2 göterime ýetirmäge mümkinçilik berdi. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijelerine bagyşlanyp geçirilen hökümet mejlisinde belledi. Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem içerki syýasatymyz barada aýdyp, ýurdumyzda ygtybarly salgyt-býujet we pul-karz...

2014