Habarlaryň arhiwi (2019-1-25)

Türkmenistanda tehniki uglerodyň önümçiligi we eksporty artýar

Hazar himiýa zawody 2018-nji ýylyň netijeleri boýunça ýokary hilli tehniki uglerodyň önümçiligini iki esse artdyrdy. Geçen ýylda kärhana uglerod önümleriniň iki müň tonnadan gowragyny eksport etdi, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär. Bu önümi esasy satyn alyjylar ABŞ-nyň, Russiýanyň, Şotlandiýanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň kompaniýalary boldy. Hazarda öndürilýän «К-354» kysymly senagat möçberli tehniki uglerod rezintehniki önümleriň...

Türkmenistan we Fransiýa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi meýilleşdirýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Fransiýanyň Ýewropa we Daşary işler ministrliginiň kontinental Ýewropa ýurtlary boýunça müdirliginiň başlygy Florans Manženiň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen fransuz wekiliýeti bilen geçirilen duşuşykda türkmen-fransuz hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär. Gepleşikleriň başynda taraplar Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwlet baştutanlarynyň derejesinde ikitaraplaýyn saparlary...

600 kilometrlik Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berildi

Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň çäginde uzynlygy 600 kilometr, bahasy 2,3 mlrd amerikan dollaryna barabar bolan Aşgabat —Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga bermek dabarasy boldy. Baýramçylyk dabarasyna Mejlisiň deputatlary, Ahal welaýatynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, dürli kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, telekeçiler, hormatly ýaşulular we ýaşlar, gurluşykçylar gatnaşdylar. Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Serdar...

2014