Habarlaryň arhiwi (2018-11-8)

«Çalyk Holding» Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçiriji ulgama 1,6 mlrd dollar maýa goýýar

Owganystanyň energetika we suw ministri Mohammad Gulem Hulmi we «Çalyk Holding» türk kompaniýasynyň başlygy Ahmet çalyk Kabulda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçiriji ulgamyny (EGU) gurmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler, diýip ORIENT agentligi habar berýär. Gol çekmek dabarasyna Owganystanyň Prezidenti Aşraf Gani gatnaşdy. Ähtnama laýyklykda, bu EGU-nyň gurluşygyna türk kompaniýasy 1,6 mlrd...

Şanhaýda IMPORT EXPO sergisinde Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleri görkezilýär

Türkmenistan Şanhaý şäheriniň Milli sergi toplumynda ilkinji gezek geçirilýän hytaý halkara import sergisinde özüniň önümlerini hödürledi. Bu çärä wekilleriniň özüniň ösüşini we öndürýän harytlarynyň ýeten derejelerini görkezýän 80-den gowrak döwletiň söwda-maýagoýum pawilýonyna dünýäniň birnäçe ýurtlaryndan döwlet we hökümet baştutanlary gatnaşdylar. Bu çäre Bütindünýä söwda guramasynyň we BMG-niň howandarlygynda geçirilýär. Sergide Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, senagat,...

Seulda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi maslahatlaşyldy

2018-nji ýylyň 6-7-nji noýabry aralygynda Seul şäherinde «Koreýa Respublikasy – Merkezi Aziýa Hyzmatdaşlyk forumynyň» Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde 11-nji mejlisi geçirildi. Türkmen wekiliýetine bu forumda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary baştutanlyk edýär, diýlip Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär. Agzalan forumyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek,  şeýle...

2014