Habarlaryň arhiwi (2018-11-29)

Türkmenistan dünýä bazarlaryna çykmak üçin uly mümkinçiliklere eýe — Hallym (Koreýa Respublikasy) uniwersitetiniň ýanyndaky Rus barlag instituty

— Nebitgaz pudagynda giň mümkinçiliklere eýe bolan Türkmenistan ony ösdürmek boýunça ägirt uly taslamalary tapgyrlaýyn durmuşa geçirýär. Bu barada Hallym uniwersitetiniň ýanyndaky Rus barlag institutynyň ylmy hünärmeni Keng Wan Li aýtdy. — Bu günki maslahata türkmen nebitgaz konsernleriniň wekilleri, koreý kompaniýalarynyň we ylmy institutlarynyň wekilleri ýygnanyşdylar. Duşuşygyň baş maksady iki ýurduň arasyndaky nebitgaz hyzmatdaşlygyny mundan beýläk...

Aşgabatda türkmen-koreý nebitgaz hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy

Şu gün Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň ösüşi» atly maslahat geçirildi. Maslahaty «Türkmengaz» döwlet konserni we Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy gurnady. Türkmen tarapyndan maslahata «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, «Nebitgazhyzmat» ÝGPJ-niň, Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň we beýleki döwlet düzümleriniň işgärleri...

Türkmenistanyň wekiliýeti Dubaý şäherinde geçiriljek “Ekspo 2020” Halkara sergisiniň taýýarlyk duşuşygyna gatnaşdy

2018-nji ýylyň 26-27-nji noýabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde “EKSPO-2020” atly halkara sergisine gatnaşyjylarynyň 3-nji taýýarlyk duşuşygy geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň wekiliýeti gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. BAE-niň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri, “EKSPO-2020” sergisiniň Baş komissary Rim Al Haşimi bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi....

«Awaza» duşuşygynyň netijeleri boýunça Lapis Lazuli ulag geçelgesine gatnaşyjy ýurtlaryň ministrleri jarnama kabul etdiler

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýa Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga (“Lapis Lazuli” ugry boýunça ylalaşyk) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahaty öz işini tamamlady. Forumyň ahyrynda çäginden «Lazurit» ýoly geçýän döwletleriň ulag hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny beýan eden jemleýji resminama kabul edildi. Bu resminama...

«Gazprom» bilen türkmen gazyny satyn almaklygy dikeltmegiň meseleleri maslahatlaşyldy

«Gazprom» tarapyndan türkmen gazyny satyn almaklygy dikeltmek meseleleri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Alekseý Miller bilen duşuşygynda maslahatlaşyldy. Şunda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda gaz ulgamynda 2028-nji ýyla çenli hyzmatdaşlyk etmek hakynda hereket edýän hökümetara ylalaşygy binýatlyk resminama bolup durýar, şonuň esasynda taraplar degişli işleri geçirýärler. Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň...

2014