Habarlaryň arhiwi (2018-11-28)

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Alekseý Miller gaz ulgamynda özara hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar — «Gazprom»

Şu gün «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Alekseý Milleriň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana iş sapary boldy, diýip kompaniýanyň press-relizinde habar berilýär. Bellenilişi ýaly, Aşgabada saparyň çäklerinde Alekseý Miller bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygy geçirildi. taraplar gaz ulgamynda özara hyzmatdaşlyk etmegiň dürli ugurlaryny maslahatlaşdylar. Metbugat relizinde şeýle hem bellenilişi ýaly, Russiýa bilen Türkmenistanyň gaz ulgamynda özara gatnaşyklarynyň...

Türkmenistanyň Prezidenti we «Buried Hill Energy» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Hazar deňzinde hyzmatdaşlygyň netijelerini we geljegini maslahatlaşdylar

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen «Buried Hill Energy» kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Piter Kallos bilen duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşligiň dowamynda işewür ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolan Türkmenistan bilen işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Türkmen Lideri ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň esasy ugry bolan nebitgaz toplumyny...

Lapis Lazuli ulag-üstaşyr geçelgesi giň geoykdysady giňişlikde gatnaşyklaryň berkidilmegine ýardam eder — Türkmenistanyň Prezidenti

Ýewropa bilen Aziýanyň çatrygynda geografiýa taýdan amatly ýerleşýän Türkmenistanyň sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag-üstaşyr merkez hökmünde ähmiýeti barha artýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanyp şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda açylan halkara maslahata gatnaşyjylara iberen gutlagynda belleýär. Biziň ýurdumyz ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, hereket edýän ulag-aragatnaşyk...

2014