Habarlaryň arhiwi (2018-11-27)

ÝANGYÇ-ENERGETIKA TOPLUMYNYŇ ÖNÜMLERINIŇ EKSPORTY ARTÝAR

Ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalary tarapyndan öndürilýän önümleriň paýy ýurdumyzyň eksportynda uludyr. 2018-nji ýylyň başyndan bäri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtomobil benzininiň 820 müň tonna golaýy, dizel ýangyjynyň 1,1 million tonnadan gowragy, polipropileniň 62,4 müň tonnasy daşary ýurtlara ugradyldy. Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen nebit koksunyň,...

«Awazada» ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleri ony durmuşa geçirmekligi maslahatlaşarlar

Ertir, 28-nji noýabrynda Türkmenbaşy şäheriniň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga (Lapis Lazuli) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahatynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Maslahatyň barşynda Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleri halkara guramalarynyň we iri daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Lazurit...

«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnalynyň nobatdaky sany neşir edildi

«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» jemgyýetçilik-syýasy we ylmy-publisistik žurnalynyň nobatdaky sany — 2018-nji ýylda üçünji sany çapdan çykdy. Žurnalyň täze sany «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» şygar astynda geçýän 2018-nji ýyla bagyşlandy. Neşiriň ilkinji sahypalary Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana, Tatarystana we Gazagystana iş saparlaryna bagyşlandy. «Durnukly ösüş üçin suw, 2018-2020-nji ýyllar» atly BMG-niň hereketleriniň onýyllygyna bagyşlanan...

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmengeologiýa» DK-a geologiýa gözlegleriniň netijeliligini artdyrmagy tabşyrdy

Duşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berildi. Wideoşekilli iş maslahaty “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy Ş.Abdrahmanowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol ýolbaşçylyk edýän pudagyndaky işleriň ýagdaýy, peýdaly magdanlary, nebitiň hem-de gazyň we...

2014