Habarlaryň arhiwi (2018-11-26)

Nebitiň bahalary ýokarlanýar: «Brent» - $59,74, «WTI» - $50,93

2018-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Moskwa wagty bilen 7:48-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,94 göterim ýokarlanyp, 59,74 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,51 göterim gymmatlap, 50,93 amerikan dollaryna barabar boldy. 23-nji noýabrynda Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 3,80 dollar pese düşüp, 58,80 amerikan dollaryna,...

Rasim Weliýew, «SOCAR» kompaniýasynyň bölüm başlygynyň orunbasary

— Kompaniýamyzyň adyndan «OGT — 2018» forumyna gatnaşmak meniň üçin örän buýsandyryjy. Galyberse-de, bu sergide dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ekspozisiýalarynyň arasynda biziň hem pawilýonymyzyň bolmagy örän begençlidir. Bu sergä dünýäniň dürli ýurtlaryndan meşhur kompaniýalar jemlenişipdir, olaryň ählisiniň maksady — nebitgaz pudagynda ýeten derejelerini görkezmek we Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek. Meniň pikirimçe, bu Türkmenistanyň özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin...

Ýewgeniý Hlopsew, «Tatneft» kompaniýasynyň metbugat gullugynyň hünärmeni

— Türkmenistan, geçen ýyllardaky ýaly, «OGT — 2018» halkara forumyny ýokary derejede geçirdi. Sergi we maslahat pikir alyşmak üçin uly mümkinçilikleri açan meýdança öwrüldi. Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň konsernleriniň ekspozisiýalary siziň ýurduňyzyň ýangyç-energetika ulgamynda ýeten ýokary sepgitlerini görkezdi. Biziň kompaniýamyz Türkmenistan bilen birnäçe ugurlarda işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. «Tatneft» Balkan welaýatynda Goturdepe käninde guýulary abatlamak boýunça işleri...

TNGIZT-de ýanwar-oktýabr aýlarynda önümçilik we ibermeler 48 göterimden gowrak ýokarlandy

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) 2018-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda önümçiligini we ibermelerini 48,5 göterim artdyrdy, diýip ORIENT habarlar agentligi habar berýär. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň berýän maglumatlaryna laýyklykda, toplumda mazut önümçiligi has köp artdy. Onuň önümçiligi 27,6 göterim ýokarlandy. TNGIZT-de öndürilýän ýokary hilli kükürdiň eksporty 2018-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda rekord derejede — 159,8 göterim...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny we binýatlyk mazudy satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Pakistandan, Owganystandan, Estoniýadan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna ýokary dykyzlykdaky polietileni, reňksiz...

2014