Habarlaryň arhiwi (2018-11-9)

Türkmenistan BAE-de ADIPEC-2018 Halkara nebitgaz forumynda energetika mümkinçiliklerini görkezer

«Türkmengaz» döwlet konserni 12-15-nji noýabrda Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabide geçiriljek ADIPEC-2018 Halkara nebitgaz sergisine we maslahatyna gatnaşar. Forumyň çäklerinde «TAPI Pipeline Company Limited» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň ýolbaşçysy, «Türkmengaz» döwlet konserniniň wekili Muhammetmyrat Amanow çykyş eder. Onuň çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika syýasatynyň esasy ugurlary dogrusynda, hususan-da, TOPH gazgeçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilişi barada maglumat berler. Russiýa...

Hazarüsti gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmegi «GGG» boýunça Ýewropa iberilýän gazyň möçberini artdyrar — Modern Diplomacy

Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurulmagy «Günorta gaz geçelgesi» (GGG) boýunça Ýewropa tebigy gazyň has köp mukdaryny ibermäge mümkinçilik berer. Bu barada Modern Diplomacy analitik neşirindäki makalada aýdylýar. Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynyň Kawkazy öwreniş institutynyň öňdebaryjy hünärmeni Aliýar Azimow «German-russiýa energetika gatnaşyklary we Günorta Kawkaz» atly makalasynda Ýewropa Bileleşiginiň energetika serişdeleriniň çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmagynda «Günorta gaz geçelgesi» taslamasynyň aýratyn...

Nebitiň bahalary dürlüçe üýtgeýär: «Brent» - $70,69, «WTI» - $60,52

2018-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Moskwa wagty bilen 7:50-dt «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,06 göterim ýokarlanyp, 70,69 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,25 göterim aşaklap, 60,52 amerikan dollaryna barabar boldy. Dünýä bazarynda çig malyň teklibiniň artyk bolmak howpy bilen bagly howatyrlanmalar «gara altynyň» bahasynyň oktýabr aýynyň başynda soňky dört ýylda...

2014