Habarlaryň arhiwi (2019-8-26)

Singapurda işewürler maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 26-27-nji awgustda Singapura döwlet saparynyň çäklerinde türkmen-singapur işewürler maslahatynyň açylyşy boldy. Oňa Singapuryň 40-dan gowrak iri kompaniýalarynyň wekilleri, nebitgaz, himiýa, energetika, oba hojalygy we azyk senagaty, gurluşyk senagaty, ulag we aragatnaşyk ulgamy, gämi gurluşygy, söwda, bank işi, programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak we beýleki ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen kompaniýalary gatnaşdylar. Singapuryň Işewürler...

«GP Global Equipment Pte. Ltd» Merkezi Garagumda gaz känlerinde gazy gysyjy desgany gurar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 26 — 27-nji awgustda Singapur Respublikasyna boljak döwlet saparynyň öňüsyrasynda «Türkmengaz» döwlet konsernine «Merkezi Garagum» gazkondensat känler toplumynyň «Zäkli — Derweze» gaz arassalaýjy desgasynda ýyllyk kuwwaty 2 milliard kub metr bolan gazy gysyjy desganyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada Singapur Respublikasynyň «GP Global Equipment Pte Ltd» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga...

Seýdiniň NGIZ-de nebit önümleriniň eksportundan alynýan girdeji artýar

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody Türkmenistanyň öňdebaryjy kärhanalarynyň arasynda mynasyp orny eýeleýär. 2019-njy ýylyň 7 aýynda 324,6 müň tonna çig mal gaýtadan işlenildi. Meýilnama 116 göterim. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 106 göterim. Şeýle hem kärhanada dizel ýangyjyny öndürmek boýunça meýilnama üstünlikli durmuşa geçirildi. Önümçilik 450 tonna barabar boldy. Zawodda degişli hil ülňülerine laýyk...

Türkmenistanda ýakynda döredilen Hazar deňzi institutynyň direktory bellenildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Myrat Atajanow Hazar deňzi institutynyň direktory wezipesine bellenildi. Degişli resminama Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda geçirilen hökümet mejlisinde gol çekdi. Hazar deňzi institutyny 2019-njy ýylyň 9-njy awgustynda döwlet Baştutanynyň Permany bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň binýadynda binýadynda döredildi. Hazar deňzi institutynyň işine gözegçilik etmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň,...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we uçar kerosinini, Türkiýäniň işewür toparynyň wekilleri bolsa ownuk däneli hlorly kaliýni (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna reňksiz list aýna, portlandsement, nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan...

2014