Habarlaryň arhiwi (2019-9-2)

Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisini geçirmäge taýýarlyk görülýär

Geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp geçiriljek Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine taýýarlyk görlüşi ara alnyp maslahatlaşyldy. Habar berlişi ýaly, 23 — 24-nji sentýabrda geçiriljek ägirt uly gözden geçiriliş Söwda senagat edarasynyň binasynda guralar. Şol ýerde ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň, guramalaryň, häkimlikleriň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň 70-den gowrak...

12-14-nji sentýabrda Aşgabatda energetika boýunça halkara forum geçiriler

12 — 14-nji sentýabrda Aşgabatda «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler. Forumy geçirmäge görülýän taýýarlyk işleriniň barşy geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde maslahatlaşyldy. Bu çärelere ýerli hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, dürli ýurtlardan kärhanalaryň we işewürleriň 120-ä golaýynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Sergini we maslahaty ýokary derejede geçirmek maksady...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Şweýsariýadan we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtoulag benzinini we göni işlenen benzini hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtoulag benzinini we göni işlenen benzini satyn aldylar. Russiýa Federasiýasynyň işewür toparlarynyň wekilleri Gyýanlynyň polimer zawodynda...

2014